Türkmenistandan getirilen pomidorlarda ýeralma güýesi tapyldy

Türkmenistandan Orsýete getirilen täze pomidorlaryň köpüsinde howply karantin obýekti, kartoşka güýesi tapyldy diýip, Rosselhoznadzor habar berýär.

Rosselhoznadzoryň Orenburg sebitindäki edarasy 27-nji aprelde Sol-Iletsk şäherindäki “Service-Product” çäklendirilen jogapkärçilikli jemgyýetiniň wagtlaýyn ammaryna Türkmenistanyň Ahal sebtinden getirilen täze pomidorlaryň (18 tonna) karantin fitosanitar gözegçiligini amala aşyrdy.

Bu önümler Türkmenistanda berlen fitosanitar şahadatnamalary bilen getirilen hem bolsa, barlag wagtynda täze pomidorlaryň köpüsinde howply karantin obýekti, janly ýagdaýdaky kartoşka güýesi (Phthorimaea operculella (Zeller)) tapyldy.

Habarda bellenmegine görä, tapylan güýeler Rosselhoznadzoryň Orenburg referent merkeziniň hünärmenleri tarapyndan geçirilen laboratoriýa barlagynda hem tassyklanyldy.

Karantin kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda, bu önümleri getirmek gadagan edildi, günäkär adamlar ýerli kanun esasynda administratiw jogapkärçilige çekildi.

Türkmenistandan Russiýa getirilen gök önümlerde tapylan zyýanly mör-möjekler barada mundanam ozalam birnäçe gezek habar berlipdi.

Şu aralykda ABŞ-nyň Halkara Ösüş guramasy (USAID) Türkmenistanyň daýhanlaryna GLOBALG.A.P şahadatnamasyny almak üçin bilelikde maliýeleşdiriş meýilnamasyny hödürleýän bäsleşigi yglan etdi, bu sertifikat täze bagbançylyk önümlerini esasy halkara bazarlaryna eksport etmekde möhüm ädim bolup durýar diýip, ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy 29-njy aprelde habar berdi.