Türkmen häkimiýetleri apreliň ortalaryndan bäri aýal-gyzlaryň daş keşbine gözegçiligi güýçlendirýär. Türkmenistanyň dürli sebitlerinde dodagyny çişirden, ýasama kirpik oturdýan, dyrnak ösdürýän, dyrnaklaryny boýatdyrýan, dar köýnek ýa-da jinsi geýýän gelin-gyzlar häkimiýetleriň nyşanasyna öwrüldi. Gelin-gyzlara garşy ilkibaşda botoks gadaganlygy bilen girişilen görülip-eşidilmedik kampaniýalar soňy bilen aýallaryň kirpiklerine, dyrnaklaryna, geýim-gejimine we saç reňkine çenli baryp ýetdi.
Ýöne “daş keşp gadaganlygy” diňe bir çişirilen dodaklar, uzaldylan kirpikler, ýa-da boýalan dyrnaklar bilen çäklenmedi. Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurtda indi aýallaryň awtoulaglaryň öň oturgyjynda oturmaklaryna rugsat berilmeýändigini aýdýarlar.
Dünýä Türkmenleriniň bu sany Türkmenistanda zenanlaryň daş keşpleri bilen bagly güýçlendirilýän gözegçiligiň 11-nji aprel – 28-nji aprel aralygyndaky hronologiýasyna ser salýar. Gepleşigiň dowamynda soňky üç hepdäniň dowamynda bu tema boýunça Azatlyk Radiosynyň žurnalistleri Sähra Gulam Nabiniň hem-de Gözel Hudaýberdiýewanyň taýýarlan maglumatlaryndan peýdalanyldy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar