Türkmenistanyň köçelerinde polisiýanyň raýatlara gözegçiligi günsaýyn güýçlenýär. Mary welaýatynyň Mary şäheriniň polisiýa işgärleri köçelerde gözegçilik edýärler we el tutuşyp barýan jübütleri polisiýa bölümine alyp gidip, olar bilen düşündiriş işlerini geçirýärler. Resmiler aýal-gyzlara makiýaž etmeli däldiklerini aýdyp, başlaryna ýaglyk dakynmagy tabşyrýarlar. Häkimiýetleriň raýatlara garşy soňky gözegçilik çäreleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan habar berdi.
Onuň sözlerine görä, soňky günlerde polisiýa işgärleri köçede el tutuşyp barýan ýa-da awtoulagda gürleşip oturan jübütleriň, är-aýallaryň onlarçasyny tussag etdi. Habarçymyz bu jübütleriň ençemesi bilen söhbetdeş boldy.
"Men aýalym bilen öýden çykyp, 100 metr çemesi ýol geçip-geçmänkäm, polisiýanyň ulagy golaýymyzda saklandy we ondaky polisiýa işgärleri maňa hem-de aýalyma polisiýa ulagyna münmelidigimizi aýtdy. Biz maskamyzy doly we dogry dakynandygymyzy aýdyp, düzgüni bozmandygymyzy düşündirmäge synanyşdyk. Olar bizi näme üçin polisiýa bölümine alyp gidýändiklerini şol ýerde düşündirjekdiklerini aýtdylar. Biziň her birimizi bir otaga salyp, aýry-aýry sorag etdiler" diýip, bu ýagdaýlary başdan geçiren maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.
Degişli maglumat Täze gadaganlyklar: Aýal-gyzlar ak reňkdäki toý lybasyny geýmekden we ulagyň öň oturgyjynda oturmakdan mahrum edilýärOnuň sözlerine görä, polisiýa işgärleri jübüdiň resmi nikaly är-aýaldygyna ynanmandyrlar. Ol öýüne jaň edip, özüniň we aýalynyň pasportlaryny hem-de resmi nikasyny subut edýän şahadatnamany getirdenden soňra, polisiýa işgärleri olar bilen düşündiriş ýygnagynyň geçiriljekdigini aýdypdyrlar.
"Bizden başga-da ençeme jübüdi saklapdyrlar. Ýygnaga gatnaşan jübütleriň sany 10-dan geçýärdi. Ýygnakda bir polisiýa işgäri we bir aýal çykyş etdi. Olar bize, hususan-da, aýal maşgalalara öwüt-ündew, wagyz-nesihat etdiler. Olar "Gadym döwürde biziň enelerimiz kellesi açyk gezmändirler. Siz edepsiz bolupsyňyz. Durmuşa çykanyňyzdan soň kelläňiz öýmeli bolmaly. Öňler edebiň birinji nyşany ýaşynmak bolupdyr. Gelinler hatda gaýyn enesinden, gaýyn atasyndan we gaýyn agalaryndan ýaşynyp, çagalaryň üsti bilen düşünişipdirler. Siz bolsa, kosmetika çümüp utanaňyzogam. Şol bolşuňyz bilen, gol tutuşyp, biedep terbiýe görkezýärsiňiz" diýdiler" diýip, maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, düşündiriş işleri geçirilen jübütlere ýazmaça duýduryş berildi we bu ýagdaý gaýtalansa, onda olara jeza beriljekdigi duýduryldy. "Ýöne olar nähili jeza beriljekdigini aýtmadylar" diýip, ýaşaýjy sözüne goşdy.
Şeýle-de, habarçymyz polisiýa işgärleriniň mundan ozal polisiýa bölüminde hasaba alnan gelinleriň öýleriniň töwereginde garawullyk çekýändigini hem habar berýär.
Onuň sözlerine görä, polisiýa işgärleri köp gatly jaýlaryň girelgelerinden çykanlary saklap, olaryň haýsy jaýdan çykýandygyny anyklaýarlar. Gelinleriň ýaşaýan jaýyndan çykan adamlar polisiýa bölümlerine alnyp gidilýär.
Degişli maglumat Türkmenistanda aýallar 'emeli gözellik' gadaganlygy sebäpli işden çykarylýar"Bu ýagdaý polisiýa işgärleriniň adamlardan para almagynyň bir usulyna öwrüldi. Olar para beren adamlary goýberýärler" diýip, ýagdaýdan habarly bir ýaşaýjy gürrüň berdi.
Azatlyk bu çäreler barada Mary şäheriniň Polisiýa müdirliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.
Soňky üç hepdeden gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistanda häkimiýetler raýatlara, hususan-da, aýal-gyzlara gözegçiligi güýçlendirdi. Aýal-gyzlaryň kosmetiki hyzmatlardan peýdalanmak mümkinçiligi doly diýen ýaly çäklendirildi. Şeýle-de, olara jeans we dar köýnek geýmek gadagan edildi. Düzgün bozanlara jerime salnyp başlandy. Munuň bilen bir wagtda, resmi nikasyz bile ýaşaýan jübütleri anyklamak üçin reýdleri geçirmek we olara jerime salmak çäreleri güýçlendi.
28-nji aprelde habarçylarymyz kosmetiki amallary ulanandyklary üçin howa gatnawy we demirýol transporty ugurlarynda işleýän zenanlaryň işden çykarylandygyny habar berdiler.
Häkimiýetler dil üsti bilen ýöredýän bu gadagançylyklarynyň sebäplerini düşündirmeýär. Ýöne bu çäreler täze prezident Serdar Berdimuhamedowyň işe girişmeginiň we ýurduň Içeri işler ministrliginiň başlygynyň çalşylmagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Galyberse-de, ýurtda aýal-gyzlara gönükdirilýän bu gadaganlyklar Türkmenistanyň BMG-Zenanlar edarasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine üç ýyl möhlet bilen agza bolmagynyň birinji ýylynda amal edilýär.
Degişli maglumat Balkanyň çagalar baglarynda daşary ýurt multfilmleriniň gahrymanlarynyň oýunjaklary, egin-eşikleri gadagan edilýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.