Türkmen häkimiýetleri daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan raýatlarynyň kesgitli böleginiň daşary ýurt pasportlarynyň möhletini 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldyljakdygyny yglan etdiler. Bu mümkinçilik diňe pasportlarynyň möhletleri 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwary — 2024-nji ýylyň 30-njy dekabry aralygynda tamamlanýan raýatlara degişli bolar.
Bellesek, eklenç gözleginde, ýa-da başga sebäpler bilen daşary ýurtlara çykan onlarça müň türkmenistanly eýýäm ençeme ýyl bäri pasportlarynyň hereket ediş möhletini öz ýaşaýan ýurtlaryndaky türkmen wekilhanalarynda uzaldyp bilmän dürli kynçylyklara we kösençliklere duçar bolup gelýärler, şol sanda bikanun ýaşamaga mejbur bolýarlar.
Galyberse-de, Türkmenistanyň global pandemiýa sebäpli halkara uçar gatnawlaryna girizen çäklendirmelerini aradan aýyrmaýandygy we raýatlaryny watanyna dolamak ugrunda diňe çäkli çarter uçarlaryny gurnaýandygy sebäpli, köp türkmenistanly daşary ýurtlarda galmaga mejbur boldy we olaryň biometriki pasportlarynyň hereket ediş möhleti gutardy.
Görnüşinden prezident Serdar Berdimuhamedowyň 28-nji aprelde gol goýan karary geçen ýylyň iýulynda biometriki pasportynyň hereket ediş möhletini daşary ýurtlardaky türkmen wekilhanalarynda uzaltmak boýunça tassyklanan tertibiň dowamyna meňzeýär.
Degişli maglumat Türkiýede YD agzalaryna galp türkmen pasportlaryny satmakda güman edilýän biri türkmenistanly üç adam tussag edildiŞonda biometriki pasportynyň möhleti 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwary – 2022-nji ýylyň 30-njy dekabry aralygynda tamamlanan ýa-da tamamlanýan raýatlaryň daşary ýurtlardaky türkmen wekilhanalarynyň üsti bilen öz pasportlarynyň möhletini 2022-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldyp biljekdigi aýdylypdy.
Emma soňundan bu tertibe laýyklykda hereket ediş möhleti uzaldylan türkmen biometriki pasportlarynyň peýdasyzdygy, olara basylan möhüriň üçünji ýurt tarapyndan ykrar edilmeýändigi barada maglumatlar gowuşdy.
Mundan başga-da, bu mümkinçilik pasportynyň gutarýan möhletine laýyklykda diňe kesgitli raýatlaryň bölegine degişli bolmagy, daşary ýurtlardaky galan beýleki türkmenistanlylaryň munuň bilen baglylykdaky ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryna çözgüt hödürlemeýär.
Ilat arasynda biometriki pasport diýlip tanalýan Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty 2013-nji ýyldan başlap ýurtdan çykmak üçin adaty raýatlara zerur bolan ýeke-täk resminama hökmünde kabul edildi. Şeýlelikde, ondan ozal ýurtda hereket edýän içerki pasportyň daşary ýurda çykmakda ulanylmagyna kanun esasynda gadagançylyk girizildi.
Häzirki wagt daşary ýurtda ýaşaýan türkmen oppozisioneri, bosgunlykda döredilen “Halk Partiýasynyň” esaslandyryjysy Ahmet Rahmanow, türkmen häkimiýetleriniň çäklendirmeleri sebäpli, pasportynyň möhletini uzaldyp bilmeýän türkmenistanlylaryň ençemesiniň daşary ýurtda ýaşamak rugsadyndan hem mahrum bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýtdy.
Mundan ozal, Türkmenistanyň “Migrasiýa hakyndaky” Kanuny daşary ýurtlarda diňe hemişelik ýaşaýan türkmenistanly raýatlaryň türkmen wekilhanalarynyň üsti bilen biometriki pasportlaryny çalyşmagyna rugsat berýärdi. Ýöne daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň ençemesi iş ýüzünde bu kanunçylygyň netijesiz bolandygyny aýdýardylar.
Rahmanow 29-njy aprelde Azatlyk bilen geçiren söhbetdeşliginde türkmen häkimiýetleriniň raýatlarynyň pasport meselesini “bilkastlaýyndan” çözmek islemeýändigini belleýär.
“[Türkmen häkimiýetleri] bu çäklendirmeler bilen raýatlaryny ‘gysga ýüpde’ tutjak bolýarlar. ‘Gözleri kynçylykdan açylmasyn, syýasata girmesinler’ diýip bulary amal edýärler” diýip, Rahmanow sözüne goşdy.
Prezident Berdimuhamedowyň pasportlaryň möhletini uzaltmak baradaky kararynda munuň dünýäde ýüze çykan ýiti ýokanç keseliň pandemiýasy bilen bagly halkara gatnawlara girizilen çäklendirmeleriň netijesinde, häzirki wagtda daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak maksady bilen kabul edilendigi aýdylýar.
Emma abraýly hukuk toparlary tarapyndan adam hukuklaryny berk depelemekde tankytlanýan türkmen hökümeti, köpýyllyklaryň dowamynda öz raýatlarynyň pasport kynçylyklaryna çäre hödürlemeýär, olaryň daşary ýurtlardaky başdan geçirýän kynçylyklary, şol sanda ölüm hadysalary barada hem dymýar.
Degişli maglumat Türkmenistanyň adam hukuklary problemasy baradaky syn Stambulda köpçülige hödürlendiGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.