ABŞ Kongresiniň Wekiller öýi Russiýa bilen baglanyşykly emläkleriň Ukraina goldaw bermek üçin ulanylmagyna rugsat berýän kanun taslamasyny tassyklady diýip, "Amerikanyň sesi" habar berýär.
Demokrat Tom Malinowski we respublikan Jo Wilson tarapyndan taýýarlanylan kanun taslamasy 417 kongresmen tarapyndan goldanyldy, sekiz kongresmen bu taslama garşy çykdy.
Resminamada anyklaşdyrylmagyna görä, bu çäreler 2 million dollar ýa-da ondan hem köp möçberdäki emläk, şol sanda rus energiýa kompaniýalaryna degişli emläkler babatynda görler.
Şeýle-de, bu kanun rus häkimiýetlerine goldaw bermek arkaly toplanan emläklere täsir eder.
Alnan serişdeleriň satuwa çykarylmalydygy we gelen girdejiniň harby, gumanitar kömek, şeýle hem Ukrainanyň infrastrukturasyny dikeltmek we beýleki ýurtlardaky ukrain bosgunlaryna kömek bermek üçin sarp ediljekdigi aýdylýar.
Mundan başga, gürrüňi edilýän serişdeleri "rus halkynyň ösüşine, şol sanda demokratiýa, adam hukuklary we olaryň gözegçiligi" bilen bagly maksatnamalara gönükdirmek mümkinçiligi öwrenilýär.