ABŞ-nyň Halkara din azatlygy komissiýasy 2021-nji ýyl boýunça ýyllyk hasabatyny çap edip, Türkmenistany ýene "aýratyn alada döredýän" ýurtlaryň arasynda galdyrdy.
Hasabatda CPC kategoriýasynda - "hökümetiň dine gatyşýan ýa-da din azatlygynyň çynlakaý bozulmagyna gatnaşýan” ýurtlaryň sanawy, şeýle-de SWL kategoriýasyna girýän – din azalygy boýunça düýpli düzgün bozmalara ýol berilýän ýurtlaryň sanawy getirilýär.
Bu ýylky CPC ýurtlaryna Birma, Hytaý, Eritreýa, Eýran, Demirgazyk Koreýa, Pakistan, Russiýa, Saud Arabystany, Täjigistan we Türkmenistan girdi. Mundan başga, bu sanawa Owganystan, Hindistan, Nigeriýa, Siriýa we Wýetnam hem goşulypdyr.
“2021-nji ýylda Türkmenistandaky din azatlygynyň ýagdaýy dünýädäki iň ýaramaz ýagdaýlaryň biri bolmagynda galýar” diýip, hasabatyň Türkmenistan bölüminde aýdylýar.
“Ýurtda din berk döwlet gözegçiligi astynda saklanylýar, häkimiýetler musulman ruhanylaryny belleýär, dini ybadatlara gözegçilik edýär we görkezmeleri ýerine ýetirmeýänler türme tussaglygy, gynamalar we administratiw temmiler bilen jezalandyrylýar” diýip, hasabatda anyk düzgün bozmalary hasaba almagyň kyndygy hem bellenilýär.
Şeýle-de hasabatda, “Olary diri görkeziň” kampaniýasynyň maglumatyna görä, türkmen türmelerinde diri ýiten hasaplanylýan 162 tussagyň 58 sanysynyň “yslam ekstremizmi” aýyplamasynda azatlykdan mahrum edilendigi aýdylýar.