Türkmenistan Russiýa Ukraina çozaly bäri geçen iki aý wagt içinde ilkinji gezek bu ýurduň halkyna ynsanperwer kömek ibermek kararyna geldi. Mundan öň TDH Aşgabadyň goňşy ýurtlara, şol sanda Owganystana, Eýrana, Russiýa iberýän ynsanperwer kömekleri barada habar beripdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 26-njy aprelde metbugat üçin çap eden maglumatynda aýdylmagyna görä, ukrain halkyna niýetlenen ynsanperwer kömegi şu ýylyň aprelinde iberiler. Emma habarda Ukrainada barýan ýykgynçylykly uruş, ýurduň halkynyň çekýän agyr zyýany agzalmaýar. Şeýle-de, Russiýanyň basybalyjy güýçleriniň Ukrainadaky agressiýasyna baha berilmeýär.
Şol bir wagtda, Ministrlik bu kömegiň türkmen halkynyň “ynsanperwerlik däpleri” esasynda iberiljekdigini belleýär.
Ynsanperwer kömeginiň düzümi derman serişdelerinden, Türkmenistanyň lukmançylyk senagatynyň beýleki önümlerinden hem-de dokma önümlerinden ybarat bolar diýip, habarda aýdylýar. Ýöne kömegiň anyk mukdary we bahasy agzalmaýar, şeýle-de onuň Ukrainanyň haýsy sebitleri üçin niýetlenendigi hem aýdyňlaşdyrylmaýar.
Azatlyk bu mesele boýunça goşmaça maglumat almak üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen habarlaşmaga synanyşdy. Emma ýurduň daşary syýasat edarasynyň resmi websaýtynda ‘metbugat gullugy’ bilen habarlaşmak üçin görkezilen belgä jaň edilende, ministrligiň wekili bu belginiň ‘tehniki gulluga’ degişlidigini we ýokarda agzalan ýagdaýlar boýunça kommentariýa berip bilmejekdigini aýtdy.
Ýokarda hem belleýşimiz ýaly, türkmen Daşary işler ministrliginiň beýanaty Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina sebäpsiz çozmagyndan bäri, munuň bilen baglylykda eden ilkinji resmi çykyşy boldy. Mundan öň, türkmen häkimiýetleri, şol sanda Ukrainadaky uruş hereketleri sebäpli agyr ýagdaýa düşen öz raýatlary barada hem dymyşlygy saklapdy.
Degişli maglumat Ukrainadan goňşy ýurtlara aşmagy başaran türkmenler başdan geçirenlerini gürrüň berýärAşgabat Russiýanyň Ukrainadaky agressiýasyny ýazgarmak boýunça BMG derejesinde guralan ses berişliklere gatnaşmady, Ukrainada barýan uruş barada öz ilatyna maglumat bermeýär we şu aralykda, synçylaryň pikirine görä, Russiýa bilen aradaky däp bolan gatnaşyklaryny has-da ýygjamlandyrmaga çalyşýana meňzeýär.
Maglumat üçin aýtsak, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa boýunça goňşulary Ukrainadaky krizisiň ilkinji günlerinden bäri ejir çekýän halka hem döwlet derejesinde, hem-de raýatlaryň başlangyjy esasynda toplanan ynsanperwer hemaýaty ýollaýarlar.
Mysal üçin, Gazagystan martyň başynda Ukraina üçin 82 tonnalyk, bahasy 2,2 million dollardan hem geçýän däri-derman ýollaýandygyny yglan etdi. 8-nji aprelde bolsa, Ukraina Özbegistanyň ugradan 34 tonnalyk, esasan derman we ilkinji kömek serişdelerinden, şeýle-de azykdan ybarat kömegi gelip gowuşdy. Gyrgyz aktiwistleri ýurduň adaty raýatlarynyň Ukrainanyň ejir çekýän halkyna öz hasaplaryna pul toplaýandyklaryny aýdýarlar.
Galyberse-de, Russiýa bilen hem syýasy, hem-de ykdysady taýdan ýakyn gatnaşyklary bolan Özbegistan, Ukrainanyň territorial bütewiligini goldap hem çykyş etdi. 17-nji martda özbek daşary işler ministri Ukrainadaky konflikte diplomatik çözgüt tapmaga çagyrdy we Moskwa tarapyndan goldanylýan separatistleriň eýelän sebitlerini ykrar etmejekdigini belledi.
BMG Russiýanyň Ukrainadaky agressiýasy sebäpli 11 milliondan hem aşa adamyň öýlerini terk etmäge mejbur bolandygyny aýdýar. Soňky maglumata görä, 5,2 million adam uruşdan gaçyp goňşy döwletlere aşdy, 6,5 million adam hem ýurduň beýleki sebitlerine geçdi.
Türkmenistanyň Ukraina iberjek kömegi, ýurduň öz Lebap we Mary sebitlerinde iki ýyl öň bolan heläkçilikli gaý-harasadyň ýyl dönüminde yglan edildi. Aşgabat şonda bu tupandan ejir çekenler, adam ýitgiler barada hiç bir resmi maglumat bermändi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.