Nazarbaýewiň "Gazagystany esaslandyryjy" durumyny Konstitusiýada berkitmek teklip edilýär

Nursoltan Nazarbaýew, 2019 ý.

Gazak konstitusiýasyna üýtgetme girizmek baradaky iş topary ýurduň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň "garaşsyz Gazagystanyň esaslandyryjysy" diýen statusyny Esasy kanunda berkitmegi teklip etdi.

Bu teklip barada 25-nji aprelde Merkezi aragatnaşyk gullugynda geçirilen brifingde Esasy kanunyň üýtgedilmegi boýunça iş toparynyň agzasy Ermek Abdrasulow habar berdi.

Konstitusiýa hukugy boýunça hünärmen Akif Süleýmanowyň Azatlyk radiosynyň Gazak gullugyna beren interwiýusynda aýtmagyna görä, ozalky prezidentiň statusyny konstitusiýada berkitmek barada edilýän teklip konstitusiýanyň düzgünlerine ters gelýär.

“Bu Konstitusiýanyň esaslaryna ters gelýär. Mysal üçin, ol "jynsyna, gelip çykyşyna garamazdan, ähli raýatlar deňdir" diýlen ýörelgä gabat gelmeýär. Mundan başga, bu status berkidilse, häzirki Konstitusiýanyň "Biz, Gazagystanyň halky, umumy taryhy ykbal arkaly birleşip, gadymy gazak topragynda döwlet gurýarys" diýen sözlerine ters geler. Nazarbaýew garaşsyz Gazagystany esaslandyryjy däl. Gazagystan Sowet Soýuzynyň dargamagy netijesinde emele geldi” diýip, Akif Süleýmenow aýtdy.