Lebapda we Maryda býujet işgärleriniň daşky keşbi barlanýar, "tebigy gözellik" propaganda edilýär
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Türkmenistanda aýal-gyzlaryň daşky keşbine gözegçilikler barha güýçlenýär. Häkimiýetler indi bu gözegçilikleri diňe köçelerde, gözellik salonlarynda, dellekhanalarda we ýokary okuw jaýlarynda däl, eýse döwlet edara-kärhanalarynda hem batlandyrýar. Aşgabatdan Lebap we Mary welaýatlaryna ýörite barlag toparlary gelip, Türkmenabat şäheriniň mekdeplerine, çagalar baglaryna we saglyk edaralaryna aýlandylar we işgärleriň daşky keşbini barladylar. Mary welaýatynda bolsa, býujet işgärleri bilen ýygnaklar geçirilip, "tebigy gözellik" propagandasy öňe sürülýär.