Soňky ýaragly çaknyşyklarda – Daglyk-Garabagda, Owganystanda we häzirki wagtda Ukrainada söweşiji pilotsyz uçarlar möhüm rol oýnady. Onuň Gazagystandaky hyzmaty näme? Ýurduň harby güýçlerinde, näçe pilotsyz uçar bar we olaryň mümkinçilikleri nähili? Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy Gazagystanyň ýaragly güýçlerinde bar bolan söweş dronlaryna syn edýär.
Gazagystanyň Goranmak ministrliginde häzirki wagtda ýurduň ýaragly güýçlerinde, Hytaýyň söweşiji pilotsyz uçary bolan Witloong-1 hem-de Ysraýylyň Skylark-1LEX drony bar. Ministrlikden aýdylyşyna görä, Anka atly harby türk pilotsyz söweş uçaryny-da gazanmak mümkinçiligi göz öňünde tutulýar, ýöne köp gürrüň döreden Bayraktar-TB2 dronyny almakçy däl.
“Harby hünärmenler “Bayraktar-TB2” türk dronynyň operatiw-taktiki mümkinçiligini öwrendiler we onuň ýokary söweş netijelilik görkezýändigini aýdýarlar. Şeýle-de bolsa, tehniki aýratynlyklaryna görä, biziň howa şertlerimizde ulanmak üçin amatly däl. Şol sebäpden, ýaragly güýçler ony satyn almagy göz öňünde tutmaýar" diýip, ministrlik Azatlygyň sowalyna jogap berdi.
Gazagystanyň ýaragly güýçlerinde (ýa-da ony gazanmagy meýilleşdirmekde) bar bolan pilotsyz söweş uçarlarynyň aýratynlyklaryna seredeliň.
WingLoong-1 drony
Army-technology, ýagny Goşun-tehnologiýasy web sahypasynyň maglumatyna görä, Hytaýyň WingLoong-1 pilotsyz uçary bomba we raketa hüjümleri üçin niýetlenendir. Ol 200 kilograma çenli ýük göterip bilýär. Pilotsyz uçaryň uzynlygy 9 metr, ganatynyň uzynlygy 14 metr. Hytaý “WingLoong-1” dronynyň 5000 metr belentlige çykýandygyny we 4000 kilometre çenli uçup biljekdigi aýdylýar.
Gazagystan 2016-njy ýylda iki sany pilotsyz uçar satyn alyp, 2017-nji ýylda harby paradda görkezdi. Army-technology saýtynyň ýazmagyna görä, WingLoong-1 pilotsyz uçaryny 2011-nji ýylda Birleşen Arap Emirlikleri, 2016-njy ýylda Saud Arabystany we 2019-njy ýylda Serbiýa satyn alypdyr. Bu dron Aljiriň, Müsüriň, Indoneziýanyň şeýle hem Nigeriýa bilen Özbegistanyň ýaragly güýçlerinde hem bar.
Hytaý söweşjeň pilotsyz uçary entek hakyky söweş şertlerinde synagdan geçmedi.
Skylark-1LEX drony
Army-technology sahypasynyň maglumatyna görä, Ysraýylyň önümi bolan kiçi göwrümli Skylark-1LEX dronynyň agramy 7,5 kilogram we ol 1,2 kilogram ýük göterip bilýär. Bu pilotsyz uçar bomba ýa-da raketa taşlamak üçin niýetlenen däl, diňe howa barlaglaryny geçirýär. Ol dag we sähra ýerlerinde gözegçilik-barlag işlerinde, serhet gözegçiliginde we terrorçylyga garşy operasiýalar üçin ulanylýar.
“Skylark-1LEX” dronynyň beýanynda “harby pilotsyz uçar 4572 metr ýokary çykmaga ukyply, üç sagatlap asmanda bolup bilýär we 40 kilometr aralykdan maglumat iberýär” diýilýär.
Anka drony
Gazagystan Türkiýede öndürilýän Anka pilotsyz uçaryndan üç sanysyny satyn alýar diýen maglumat 2021-nji ýylda peýda boldy. Ýöne käbir maglumatlara görä, Türkiýe bu pilotsyz uçarlary Gazagystana 2023-nji ýylda bermeli.
Airforce-technology saýtyndan we beýleki açyk çeşmelerden alnan maglumatlara görä, Anka drony raketalary we awia bombalaryny taşlap bilýär, ol gözleg işlerini geçirmäge-de ukyply. Pilotsyz uçaryň uzynlygy 8 metr, ganatynyň uzynlygy 17,3 metr, 8000 metre çenli beýiklikde uçup bilýär. Anka dronynyň beýanynda "islendik howa şertlerinde asmana galmagy başarýar we gijelikde-de razwedka işlerini geçirmäge ukyply” diýilýär.
Pilotsyz uçar Siriýadaky söweşde synagdan geçdi. Onuň hakyky söweşde synag edilmegi Hytaýyň WingLoong-1 pilotsyz uçaryndan esasy tapawudy.
Türk Aerokosmos Korporasiýasy (TUSAŞ) 2004-nji ýylda pilotsyz uçary türk ýaragly güýçleri üçin ýygnap başlady we ilkinji gezek 2010-njy ýylda synagdan geçirdi. Anka drony häkimiýetlere tabyn bolan kompaniýanyň önümidir. Bayraktar-TB2 dronyny hususy kompaniýa öndürýär, ol kompaniýa Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň giýewiniň eýeçiliginde. Türkiýe Anka we Bayraktar-TB2 pilotsyz uçarlaryny Siriýadaky söweşlerde synagdan geçirdi.
GAZAGYSTANYŇ ÖZ «ŞAGALA» DRONY — OL NÄME ÜÇIN GEREK?
Harby meseleleri öwrenmäge ýöriteleşen žurnalist Amangeldi Kürmetuly Gazagystanyň alty sany Skylark-1LEX dronyny satyn alandygyny we olaryň ýurduň öz içinde ýygnalýandygyny aýdýar. Ýöne bu barada başga maglumatyň ýokdugyny-da mälim edýär.
— Gazagystan häzir öz “Şagala” atly pilotsyz uçaryny öndürmäge synanyşýar. Ol uçar Skylark-1LEX harby-aňtaw dronynyň görnüşinde bolar. Ony işläp düzüjiler häzir pilotsyz uçaryň barlag kamerasyny, ýangyna garşylygyny hem-de raketa hüjüminden gaça durmak ukybyny barlaýarlar. Maňa mälim bolşuna görä, "Şagala" 5000 metr beýiklige çykyp, 40 kilometr aralyga çenli uçmaga ukyply bolmaly hem asmanda bäş-ýedi sagatlap uçup bilmeli. “Şagala” pilotsyz uçarynyň mümkinçilikleri entek doly açylanok – diýip, harby žurnalist aýdýar.
Amangeldi Kürmetulynyň maglumatyna görä, Gazagystanyň harby güýçlerinde takmynan 15 dron bar.
— Pilotsyz uçarlaryň sany, mümkin bolan ýa-da göz öňünde tutulýan duşmanyň howa gorag raketalaryna bagly bolýar. Eger Russiýanyň tehnologiýasyna seretsek: S-300, BUK, TOR raketa ulgamlarynyň birnäçe bölümi bar. Raketalaryň sanyny hem göz öňünde tutmak gerek. Beýle ýagdaýda bomba göteriji 24-30 söweş drony gerek we 30 sany pilotsyz gözleg uçary bolmaly. Razwedka-barlag dronlary ilki bilen nyşanlary kesgitlemeli. Käbir ýagdaýda, kiçi gözleg pilotsyz uçarlaryny "pida" hökmünde hem ulanyp bolýar. Mysal üçin, kiçijik pilotsyz uçarlar uçurylýar – olara raketa atýarlar, şondan soň ol ýere hüjüm ediji dronlary goýberýärler. Üç ýa-da dört dron diýeniň goşun üçin örän az san, goranmak üçin olar has köp saklanylýar – diýip, Amangeldi Kürmetuly aýdýar.
Gazagystanyň Goranmak ministrligi Türkiýäniň “Bayraktar-TB2” pilotsyz uçarynyň Gazagystanyň howa şertlerine laýyk gelmeýändigini aýtdy. Bilermen bolsa bu jogaby ygtybarly hasaplamaýar.
— “Bayraktar-TB2” pilotsyz uçary häzirki söweşde, Ukraina tarapyndan ulanylýar. Ukraina sebitinde hem Gazagystanda bolşy ýaly gyş bolýar. Bayraktar-TB2 gaty ýokardan, örän sowuk we kislorod az gatlakdan uçup bilýär. Ýöne ol dron barada Gazagystanyň Goranmak ministrliginiň howanyň ýagdaýyna salgylanmagy hakykatdan boýun gaçyrmak ýaly bolup dur. Men goňşulary gorkuzmazlyk üçin, “Bayraktar-TB2” dronyny satyn almakdan saklanýarlar diýip pikir edýärin – diýip, bilermen aýdýar.
Pilotsyz uçarlaryň sany we söweş netijeliligi boýunça dünýäde öňdeligi ABŞ eýeleýär. Olar pilotsyz uçarlaryny beýleki ýurtlara satmaýarlar. Ýöne Amangeldi Kürmetulynyň aýtmagyna görä, ABŞ indi uly hüjüm ediji pilotsyz uçarlaryny ýüklemek üçin, ýörite söweş gämilerini gurmagy meýilleşdirýär.
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan başga-da Ysraýyl, Türkiýe, Hytaý we Beýik Britaniýa ýaly döwletlerde hem köp sanly söweş dronlary bar. Germaniýa bilen Fransiýada hem pilotsyz uçarlar bar, ýöne olary az görkezýärler diýip, žurnalist aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.