Garagumyň döwlet dükanlary ilata berilmeli uny kemeldip, 'ýokardakylara pul ýygnaýar'

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda ilata subsidirlenen bahadan berilýän azyk önümleriniň satuwyndaky bökdençlikler we bidüzgünçilikler saklanyp galýar. Mary welaýatynyň käbir obalarynyň ýaşaýjylaryna geçen ýylyň soňky iki aýy üçin niýetlenen subsidirlenen azyk önümleri berilmedi. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada oba ýaşaýjylary Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdiler.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, Türkmengala etrabynyň "Zähmet" daýhan birleşigindäki döwlet dükanlarynda ilata subsidirlenen bahadan satylýan un we ýag ýaly azyk önümleri öz wagtynda paýlanmaýar. Käbir aýlarda bolsa, ilata bu önümler asla satylmaýar.

"Geçen ýylyň soňky iki aýynyň ununy we ýagyny paýlaman, şu ýylyň başyndan täze hasap ýöredip başladylar" diýip, efirde adynyň tutulmazlygyny soran ýerli ýaşaýjy dükan resmileriniň munuň sebäplerini düşündirmeýändigini hem aýtdy.

Degişli maglumat Aşgabatda "artyk" çörek alanlaryň 15 gün tussaglyga höküm ediljekdigi duýdurylýar

Ýerli ýaşaýjylar bu ýagdaýyň ýylyň-ýylyna gaýtalanyp gelýändigini belläp, muňa obanyň etrap merkezinden daşda bolmagynyň we bu ýere häkimiýetler tarapyndan barlagçylaryň iberilmezliginiň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

"Dükan işgärleriniň işini barlaýan adam ýokdugy sebäpli olar edenini edip ýörler. Her ýyl ilata goýberilýän harytlar soňky aýlarda paýlanmaýar" diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.

Galyberse-de, oba ýaşaýjylary unuň we pagta ýagynyň öz wagtynda paýlanmazlygy bilen bagly problemanyň-da şu ýylyň başyndan bäri dowan edýändigini aýdýarlar.

"Paýlanýan unuň kilogramyny-da kemeldip berýärler. Olar iň pes sortly un bilen gara pagta ýagyny paýlaýarlar. Bular hem hojalyklara doly ýetmeýär. Dükan işgärleri gelen harytlaryň köpüsini lomaý bahadan bazarlara ýa-da hususy dükan eýelerine satýarlar" diýip, oba ýaşaýjysy aýtdy.

Ýerli ilatyň sözlerine görä, dükan satyjylary azyk önümleriniň kesgitlenen möçberden az mukdarda paýlanmagynyň we galan böleginiň hususyýetçilere satylmagynyň sebäplerini "ýokarda oturan başlyklara pul ýygnamaly bolýandyklary" bilen düşündirýärler.

"Bu shema diňe Zähmet obasynda däl, eýse beýleki çetki obalarda hem düzgüne öwrüldi. Bu shema düýbünden düzeldilmese, halk horlugy dowam eder. Ýokardaky oturan hojaýynlaryň doýmasy ýok, olar garyp adamlardan hem aja meňzeýär" diýip, ýerli ýaşaýjy sözüni jemledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Türkmengala etrap häkimliginden we "Zähmet" daýhan birleşiginiň arçynlygyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Degişli maglumat Balkan: Azyk ýene gymmatlady, bankomatlarda nagt gytaldy, Internetiň tizligi peseldi

Türkmenistanda garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri ilata un, duz ýaly azyk önümleriniň belli bir möçberi subsidirilenen bahadan satylýar. Soňky dört ýyl çemesi wagtyň dowamynda häkimiýetler bu harytlaryň hataryna şeker, ösümlik ýagy, towuk budy ýaly harytlary hem goşdy. Ýöne şu ýylyň başynda häkimiýetler bu harytlaryň aglabasyny tapgyrlaýyn esasda bazar bahalary bilen deňleşdirdi. Häzirki wagtda ýurt raýatlary subsidirilenen bahadan çörek we uny, käbir sebitlerde pagta ýagyny satyn alyp bilýärler.

Ýöne türkmen häkimiýetleri bu azyk önümleriniň satuwyny hem kadaly üpjün etmekde kynçylyk çekýär. Döwlet dükanlaryna getirilýän çöregiň möçberiniň azdygy sebäpli nobata duran adamlaryň ählisi çörek satyn alyp bilmeýär. Daňdan garaňkyda çörek nobatyna durýan adamlaryň arasynda uruş-dawa hem köp bolýar.

Şu ýylyň başyndan bäri häkimiýetler kesgitlenen möçberden "artyk" çörek satyn alan raýatlary anyklamak esasynda çörek gytçylygynyň "öňüni almaga synanyşýar".

Türkmenistan soňky ýyllarda öz garaşsyzlygynyň iň agyr ykdysady kynçylyklaryny başdan geçirýär. Häkimiýetler bu kynçylyklaryň arasynda ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan azyk gytçylygyny we gymmatçylygyny aç-açan boýun almaýar.

Degişli maglumat "Aýdyň, bize çörek ýetermi?" Aşgabatda çörek nobatlary azalmaýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.