Kipr rus baýlarynyň, Usmanowyň aýal doganynyň "altyn pasportlaryny" alýar

Oleg Deripaska Alişer Usmanow bilen

Kipr dört rus milliarderini we olaryň maşgala agzalaryny raýatlykdan mahrum eder diýip, "Fileleftheros" gazeti öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär. Bu täzelik ol adamlaryň atlarynyň Ýewropa Bileleşiginiň Ukraina garşy başlanan uruş sebäpli girizien sanksiýalaryna düşmegi bilen düşündirilýär.

Şeýlelikde, telekeçi Oleg Deripaska, “Merkuri” kompaniýalar toparynyň prezidenti Igor Kesaýew, “Komsomolskaýa Prawdanyň” we RBK media-holdingiň eýesi Grigoriý Berezkin we milliarder Alişer Usmanowyň aýal dogany Gulbahor Ismailowa dagy uly möçberdäki maýa goýumlarynyň deregine berilýän “altyn pasportlaryndan” mahrum ediler.

Şeýle-de, bu adamlaryň garamagynda bolan 11 adam “altyn ňasportlaryndan” dynmaly bolar.

Deripaskanyň kipr raýatlygyny 2017-nji ýylda, Ismailowanyň 2015-nji ýylda, Berezkin bilen Kesaýewiň bolsa 2012-nji ýylda alandygy aýdylýar.

Kipr hökümeti aprel aýynyň ortalarynda, ÝB sanksiýalary bilen baglylykda, prezident Putiniň ýakyn töweregine degişli hasaplanýan dört rus milliarderini we ýene 17 adamy raýatlykdan mahrum etmek işlerine başlady.