Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin goranmak ministri Sergeý Şoýgua Ukrainanyň gabalan port şäherindäki “Azowstal” polat zawodyna hüjüm etmek meýilnamasyny ýatyrmagy, oňa derek, rus esgerleriniň janyny goramak maksady bilen, Mariupolyň daşyny berk baglamagy buýurdy.
21-nji aprelde telewideniýede görkezilen ýygnakda Shoýgu Putine "Mariupolyň tutuşlygyna rus goşunynyň we Moskwa tarapyndan goldanýan separatistleriň gözegçiligine alnandygyny" aýtdy, “Azowstal” zawodynyň bolsa, birnäçe hepde dowam eden agyr bomba hüjümlerinden we güýçli söweşlerden soň, "ygtybarly möhürlenendigini" öňe sürdi.
Bu şäher asuda ilatdan bolan müňlerçe adamyň gabalyp, aç-suwsuz, agyr ýagdaýda galan ýeri boldy, kömek işgärleri ol ýere baryp bilmeýär.
Putin Şoýguny Mariupolyň "azat edilmegi" bilen gutlady we ägirt uly senagat toplumyna hüjüm etmegiň "oňaýsyz" boljakdygyny aýtdy.
Şoýgu Putine 2000-den gowrak ukrain söweşijisiniň uly ýerasty bölegi bolan zawodyň ýerzeminlerinde gizlenendigini we goşunyň bu toplumy dolulygyna basyp almagyny "tamamlamak" üçin rus güýçlerine birnäçe gün gerekdigini aýtdy.
Şoýgu Azow deňziniň port şäherinden açylan ynsanperwerlik koridorlary arkaly 142,000-den gowrak parahat ýaşaýjynyň ewakuasiýa edilendigini aýtdy. Emma bu san ukrain resmileriniň aýdan zatlaryna ters gelýär, olar uruş başlanaly bäri bu ýerden juda az adamyň çykmagyna ýol berlendigini öňe sürýärler.
Kiýewiň Mariupolda gepleşikleriň "ýörite tapgyryny" geçirmegi teklip etmegi bilen, rus goşunlary gündogar Ukrainada başlan töwerekleýin hüjümlerini dowam etdirýärler.
Britan harbylarynyň 21-nji aprelde beren maglumatyna görä, rus güýçleri raketa zarbalaryny dowam etdirip, Donbas hüjümleriniň çäginde Kramatorsk şäherine tarap öňe süýşýär.
"Russiýanyň howa işjeňligi gündogar Ukrainadaky hüjüme ýakyndan howa goldawyny bermek we Ukrainanyň howa goranyş mümkinçiliklerini basyp ýatyrmak hem-de ýok etmek maksady bilen, ýokary derejesinde dowam etdirilýär" diýip, Angliýanyň Goranmak ministrliginiň twitterde ýerleşdiren habarynda aýdylýar.
Sekiz hepde töweregi dowam eden uruşda Kiýewi we beýleki iri hem-de strategiki şäherleri ele geçirip bilmedik Moskwa indi 2014-nji ýyldan bäri Russiýa tarapyndan goldanýan separatistleriň nazarynda galýan Donetsk we Luhansk sebitlerini tutuşlygyna ele almagy maksat edinendigini aýdýar.
Ukrainanyň baş gepleşikçisi we prezidentiň kömekçisi Mihailo Podolýak ukrain tarapynyň gepleşikleri öňünden şert goýmazdan geçirmäge hem taýýardygyny aýtdy.
Ukrainanyň başga bir möhüm gepleşikçisi Dawid Arahamia bolsa Telegramda özüniň we Podolýagyň, ukrain "harby garnizonyny we raýatlaryny ewakuasiýa etmek barada rus tarapy bilen gepleşik geçirmek üçin Mariupola gelmäge taýýardygyny" aýtdy.
Arahamia özüniň we Podolýagyň bu şäherdäki ukrain güýçleri bilen hemişe aragatnaşyk saklandygyny hem sözüne goşdy.
"Şu gün, şäher goragçylary bilen geçirilen söhbetdeşlikde harby garnizonymyzy ewakuasiýa etmek barada göni gepleşik geçirmek baradaky teklip hödürlendi" diýip, ol aýtdy.
Russiýa biraz öň Ukraina konflikti bes etmek boýunça Moskwanyň edýän talaplaryny beýan edýän resminamanyň taslamasyny hödürländigini aýtdy.
Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow "pökgi olaryň elinde, biz jogaba garaşýarys" diýdi. Ol gürrüňi edilýän taslamanyň jikme-jikliklerini açmady.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bu teklibi ne görendigini, ne-de ol barada eşidendigini aýtdy, emma onuň ýokary derejeli geňeşçileriniň biri ukrain tarapynyň bu taslamany gözden geçirýändigini habar berdi.
Daniýanyň premýer-ministri Mette Frederiksen 21-nji aprelde ispan kärdeşi Pedro Sançes bilen Kiýewe eden saparynda Daniýanyň Ukraina has köp ýarag iberjekdigini aýtdy.
Frederiksen TV2 telekanalyna beren interwýusynda ýarag üpjünçiligi barada goşmaça maglumat bermedi.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Jo Baýden Waşingtonda ABŞ-nyň harby ýolbaşçylaryny, Ukrainadaky uruş wagtynda aýratyn ähmiýete eýe bolan maslahata, Ak tamdaky ýyllyk syýasy ýygnaga toplady.
Goranmak sekretary Lloýd Ostin, Baş ştabyň başlygy general Mark Milli we beýleki ýokary derejeli harby ýolbaşçylar tarapyndan "dürli temalar" ara alnyp maslahatlaşylar diýip, Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat wekili aýtdy.
Baýden duşuşygy acanda ozaly ukrain goşunynyň berdaşlylygyny nygtap, NATO-nyň agzybirliginiň Putini gaty haýran galdyrandygyny aýtdy.
"Olar meniň pikir edişimden has berdaşly we buýsançly; men olaryň siziň kömegiňiz bilen edýän zatlaryna haýran galýaryn" diýip, Baýden aýtdy. "Meniň pikirimçe, Putin munuň bizi bilelikde saklap biljekdigini nazara almady" diýip, amerikan lideri belledi.