Azatlyk Radiosynyň habarçysy Balkan-Aşgabat aralygynda gatnaýan taksi sürüjileriniň sebitara hereket çäklendirmeleri bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan päsgelçilikleri barada habar berýär. Sebitara taksi sürüjileri hereket çäklendirmelerinden häkimiýetleriň "bikanun girdeji çeşmesi" hökmünde peýdalanýandyklaryny aýdýarlar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan Balkan welaýatyna, ýa-da Balkandan Aşgabada gara ýoluň üsti bilen päsgelçiliksiz barmak üçin taksi sürüjileriniň häkimiýetlere ýüzlerçe manat para bermeli bolýandyklaryny habar berýär.
Maglumata görä, sürüjiler diňe Serdar-Bamy postundan geçmek üçin MHM işgärlerine 500 manat möçberinde para bermeli bolýandyklaryny aýdýarlar.
“Balkan – Aşgabat aralygynda gatnaýan taksi sürüjileri Serdar – Bamy postunda MHM işgärlerine 500 manat para berip, postdan bökdençsiz geçip bilýärler” diýip, bir sürüji Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Degişli maglumat Lebapda awtobus gatnawlarynyň ýatyrylmagy gizlin taksileriň bahasynyň üç esse gymmatlamagyna getirdiTürkmenistanyň hökümeti iki ýyl mundan ozal pandemiýa başlanaly bäri, öz çäginde hiç hili koronawirus hadysasynyň hasaba alynmandygyny öňe sürýär, ýöne şol bir wagtda pandemiýa çäklendirmelerini bölekleýin saklap galýar. Hökümet karantin çäklendirmeleriniň çäginde halkara uçar gatnawlaryny ýatyrdy; sebitara hereketi çäklendirdi; azyk harytlary satylýan bazarlardan beýleki bazarlary, söwda we dynç alyş merkezlerini ýapdy. Bu çäklendirmeleriň fonunda sebitleriň arasynda ýolagçy gatnadyp, gazanç edýän taksi sürüjileri ýowuz päsgelçiliklere sezewar boldy.
“Para bermedik taksi sürüjileri Nohur obadan, dagdan, 10 sagada golaý howply ýoly jarlykdan sowlup geçmeli bolýarlar” diýip, sürüjiler aýdýar.
Sürüjiler bu ýol bilen paýtagta aşmaga isleg bildirýän her bir ýolagçy üçin 600-1000 manat aralygynda baha kesýär. Balkan – Aşgabat aralygyndaky gara ýoldan paýtagta aşmak isleýän ýolagçylar has köp çykdajy etmeli bolýarlar.
“Menzile göni ýol bilen barmagyň bahasy 1200 manat. Howpsuz ýol. COVID kepilnamasy gerek däl” diýip, bir sürüji Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Häkimiýetler sebitara hereket çäklendirmeleri we munuň fonunda güýçlenen para talaplary bilen baglylykda çäklendirmeleri bikanun girdeji çeşmesine öwürmekde tankyt edilýärler.
Degişli maglumat Lebapdan Aşgabada ogryn gatnaýan taksi sürüjileri ele salyndy“Bu bolsa emeldarlar üçin ‘gara girdeji çeşmesine’ öwrüldi” diýip, bir balkanly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Habarçymyza görä, Balkandan Aşgabada barmak isleýän ýolagçylaryň bolşy ýaly, Aşgabatdan Balkana gatnaýan ýolagçylar hem az däl.
“Her gün 300 töweregi adam taksi bilen Balkan welaýatyna girýän bolsa, ýene şonça adam Balkandan Aşgabada barýar” diýip, sürüjiler aýdýar.
Olar Balkan welaýatyna barmak üçin hem ýolagçylara we sürüjilere şol bir çetin ýoluň garaşýandygyny aýdýarlar.
“Balkanyň çägine gizlin ýol bilen aşmak hem aňsat däl. Dag ýoly. Dagdan aşmaly. Ýol aşa howply. Üstesine, sürüjiler ol ýerde hem öňlerinden çykan her bir polisiýa işgärine 100 manat para bermeli. Olar hem diňe para almak üçin ýollary garawullap ýatyrlar. 100 manady alandan soň, eger sen owganyň raýaty bolsaň hem işleri ýok. COVID-i nädip beýdip saklap bolýandygy düşnüksiz. Bu karantin çäklendirmeleri emeldarlaryň bähbidine hyzmat edýär, döwlet ykdysadyýetine erbet zarba urýar” diýip, balkanly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Bu aralykda, Türkmenistanyň täze hökümeti ýurtda köçe ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmagyna garşy erjel göreşe girişýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.