Gazagystan goranmak ulgamy üçin takmynan bir milliard dollar artykmaç bölüp bermek bilen ýurduň goşunynyň demirgazykdan howp abanan ýagdaýynda, oňa taýynmy diýen soraga jogap tapmaga synanyşýar diýip, Günbataryň köpçülikleýin habar serişdeleri ýazýar. Habar serişdeleri Moskwa bilen ykdysady bileleşige girýän ýurtlaryň Günbatar sanksiýalarynyň täsirini azaltmakda, Russiýa nähili kömek edýändigi we Türkiýäniň Merkezi Aziýa näme üçin ýakynlaşýandygy barada söhbet açýarlar.
GAZAGYSTANA ÝURDUŇ GORANYŞYNY GÜÝÇLENDIRMEK NÄMÄ GEREK?
Ykdysadyýetiň çak edilýän haýallygynyň fonunda, Gazagystanyň hökümeti goranyş çykdajylaryny artdyrmak kararyna geldi diýip, iňlis dilinde çykýan Eurasianet neşiri ýazýar.
Ýurduň Maliýe ministriniň orunbasary Tatýana Sawelýewa 7-nji aprelde üç ýyllyk býujet taslamasyny Mejlise hödürläninde, üstümizdäki ýylda güýç ulanyjy edaralaryň söweş taýýarlygyny we enjamlaryny ýokarlandyrmak üçin, goşmaça 441 milliard tenge (takmynan bir milliard dollar) bölüp bermegiň meýilleşdirilendigini aýtdy. Geçen ýylyň dekabrynda hökümet goşun, polisiýa we gyssagly kömek hyzmatlary üçin, 859 milliard tenge bölüp berjekdigini habar beripdi.
Goşmaça maliýe serişdeleriniň köp bölegi Içeri işler ministrliginiň, Milli gwardiýanyň, Goranmak ministrliginiň ýörite güýçleriniň sanyny artdyrmaga hem-de tehnika satyn almaga gönükdiriler. Harby gullukçylaryň aýlyk haklary 40% ýokarlanar.
Neşir şu ýyl ykdysady ösüşiň 3,9 göterimden 2,1 göterime çenli peseljekdigi baradaky çaklamalara garamazdan, harby çykdajylaryň artýandygynyň sebäplerine düşünmegiň kyn däldigini belleýär.
“Ýanwar aýynyň başky günlerinde, Gazagystanyň işewür paýtagty Almatyda syýasy dartgynlygyň joşan döwründe, prezident Kasym-Žomart Tokaýew Moskwanyň ýolbaşçylygyndaky KHŞG harby bileleşiginden kömek soramaga mejbur boldy, bu bolsa ony kemsidiji ýagdaýa saldy" diýip, makalanyň awtory Almaz Kumenow ýazýar.
Mundan başga-da, Russiýanyň Ukraina çozmagy bilen "Gazagystan aladaly howsalany başdan geçirýär" diýip, žurnalist hasap edýär.
Galmagalçy rus syýasatçylarynyň we bilermenleriň Gazagystanda ruslaryň diskriminasiýa we yzarlamalara sezewar edilýändigi baradaky aýdýanlary alada döretmän bilmez. Şeýle pikirler Russiýanyň Ukrainadaky "rus dilinde gürleýänleri kemsitmek" baradaky aýdanlaryny gaýtalaýar.
Awtor Russiýanyň prezidenti Putiniň 2014-nji ýylyň awgust aýynda "Gazaklarda hiç haçan döwletlilik bolmandy" diýen sözlerini ýada salýar. Rus öç alyjylary ukrain döwletliligini hem hut şeýle inkär edýärler diýip, makalada aýdylýar.
Gazagystanyň goşuny häzirki ýagdaýynda demirgazykdan geläýjek ýarag şakyrdylaryna garşy durup bilmez diýip Eurasianet ýazýar. Mart aýynda Gazagystanyň Orda.kz web sahypasy harby çeşmelere salgylanyp, ýurduň goranyş enjamlarynyň köpüsiniň 1960-njy ýyllarda öndürilendigini, indi olaryň bil baglap bolmajak könelişen tehnikadygyny habar berdi. Harby ammarlarda ok-däri serişdeleriniň saklanyşynyň hem talaba laýyk gelmeýändigi aýdylýar. 2021-nji ýylyň awgustynda, Žambyl sebitindäki harby ammarda bolan partlamalarda azyndan 12 adam öldi. Ondan iki ýyl ozal Arysdaky harby ammarda top oklary ýaryldy, partlamalarda üç adam öldi.
Synçylar Gazagystanyň Russiýada öndürilen ýaraglara bil baglamaly däldigini aýdýarlar. Täze geosyýasy gözleg torunyň Aziýa-Ýuwaş okean sebiti boýunça ukrain bilermeni Ýuriý Poýta Gazagystanyň goşunynyň esasan rus ýaraglary bilen enjamlaşdyrylandygyny aýdyp, munuň Günbatar we hatda hytaýly kärdeşlerinden pes gelýändigini belledi we diňe gowşak duşmana ýa-da bikanun ýaragly toparlara garşy orta güýçli söweşlerde ulanylyp bilinjekdigini aýtdy.
Russiýanyň Ukraina çozup girmeginden soň, Gazagystanyň ýaragly güýçleriniň ýokary hüşgärlik derejesine getirilendigine, şondan bäri-de ýurtda goşunlaryň we harby enjamlaryň bir ýerden başga bir ýere geçirilişine jemgyýet agzalarynyň üns berip başlandygy Kumenow ýokarda ýatlanan işinde ýazýar. Bu bolsa öz gezeginde ýaragly güýçleriň Russiýa bilen serhede çekilýändigi baradaky myş-myşlary döretdi. Ýurduň Goranmak ministrligi muny ret edip, diňe meýilleşdirilen türgenleşikleriň geçirilýändigini yglan etdi.
Waşingtondaky Milli Goranmak Uniwersitetiniň professory Erika Marat neşire beren teswirinde, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Moskwadan Ukrainadaky beýle wagşyçylyga garaşmandygyny aýtdy. "Şondan soň Gazagystanyň rus agressiýasyny göz öňünde tutmaýandygyny pikir etmezlik geň bolar. Sähelçe wagt mundan öň beýle zat ýalan ýalydy, ýöne häzir däl" diýip, Erika Marat aýdýar.
RUSSIÝANY GOLDAÝAN «ÝARANLAR»
Russiýanyň Ukraina hüjüminden soň Günbataryň girizen sanksiýalary garaşylýan netijäni bermedi, sebäbi Moskwa Gazagystany hem öz içine alýan ýaranlary tarapyndan goldanýar diýip, Halkara Strategiki gözlegler institutynyň geoykdysady we strategiýa (International Institute for Strategic Studies), boýunça ylmy işgäri we ABŞ-nyň Maliýe ministriniň kömekçisiniň öňki orunbasary Dewid Merkel aýdýar. Häzirki şertlerde sanksiýalar netije bermez diýip, Merkel Modern Diplomacy neşiriniň platformasy üçin ýazan makalasynda ýazdy.
Köp sanly sanksiýalara garamazdan, Russiýanyň ykdysadyýeti işini dowam etdirýär, rus rubly öňki ýagdaýyna geldi, Moskwa biržasy öz işine ýaňadan başlady. Munuň bir sebäbiniň "Russiýanyň goňşularyndan, esasanam bir goňşusyndan alýan goldawy" bilen baglanyşyklydygyny Dewid Merkel belleýär.
Dewid Merkel soňky on ýyllyklarda Russiýanyň Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan we Ermenistan – Moskwanyň agdyklyk edýän Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň agzalary bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrandygyny belleýär. Awtoryň pikirine görä, Russiýa üçin Gazagystan bilen gatnaşyklar aýratyn bähbitli. Rus telekeçi – işewür toparlary öz işlerini Gazagystana geçirmek bilen çökgünlikden çykmaga we halkara sanksiýalardan sowulmaga ýol taparlar diýip, bilermen ýazýar.
Merkeliň sözüne görä, Gazagystanyň hökümeti sanksiýalaryň Russiýanyň üpjünçilik ulgamyna edýän täsirini ýumşadýar. Ýurduň hökümeti mart aýynda, Gazagystandan getirilýän harytlary bellige almak baradaky talaplary wagtlaýynça ýatyrdy, Russiýa bolsa awtorlyk hukugynyň eýesiniň rugsady bolmazdan, haryt getirilmegine rugsat berdi. Merkeliň pikiriçe, Russiýa gadagan edilen harytlary alternatiw ugurlar, şol sanda Gazagystanyň üsti bilen import etmek arkaly sanksiýalardan sowa geçip biler.
Awtor Prezident administrasiýasynyň başlygynyň orunbasary Timur Süleýmenowyň Euractiv neşirine beren interwýusyny ýatladýar. “Gazagystan bu konfliktiň bir bölegi däl. Hawa, biz Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň bir agzasy bolup durýarys, ýöne biz öz gurluşymyz boýunça garaşsyz döwlet, şoňa laýyklykda Russiýa we Belarusa girizilen çäklendirmeleri ýerine ýetireris. Bir sebetde bolmak islemeýäris we töwekgelçilik etmeris" diýip, Süleýmenow aýdypdy.
Şondan tiz wagt soň, Putin bilen Tokaýew telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler. Dewid Merkel Gazagystan we Russiýa "Ýewraziýa giňişliginde integrasiýa birleşikleriniň çäginde, hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň geljegine" seredilendigi barada, Kreml tarapyndan berlen metbugat beýanatyna ünsi çekýär.
“Prezident Tokaýewiň döwründe Gazagystan Russiýanyň ýakyn ýarany bolup galýar we ýurduň öz içindäki adam hukuklaryny äsgermezlik etmek bilen Wladimir Putine sanksiýalaryň netijelerinden gaça durmaga, zerur goldawy dowam etdirýär. Häzir Günbatar güýçleriniň Gazagystandan, Russiýa bilen gatnaşyklarynyň derejesini açmagyny talap etmegi möhümdir. Eger Gazagystan beýle aç-açanlygy ret etse, onda Russiýanyň Ukraina garşy söweşine gatnaşandygy üçin, sanksiýalar ulanylmaly" diýip, Merkel jemleýji sözünde aýdýar.
TÜRKIÝÄNIŇ MERKEZI AZIÝA ARALAŞMAGY
Russiýanyň Ukrainadaky söweşi Türkiýäni Merkezi Aziýa ýakynlaşdyrýar diýip, žurnalist we Merkezi Aziýa boýunça synçy Brýus Pannier ýazýar. Ol Eurasianet neşirindäki makalasynda, Ankaranyň Merkezi Aziýa sebitindäki gatnaşygyny giňeldip, Russiýa, Günbatar we Hytaý arasynda köpden bäri garaşylýan alternatiwany hödürleýän liderlige dalaş edýändigini aýdýar. Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň Merkezi Aziýanyň türk döwletleri – Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny berkitmek üçin, gowy mümkinçiligi bar diýip, awtor hasaplaýar.
Ukraina çozup girenden soň, Russiýanyň halkara abraýy we maliýe derejesi çat açdy. Günbatar sebite bolan gyzyklanmasyny ýitirýär we bu tendensiýa ABŞ goşunlaryny Owganystandan çykarandan soň hasam güýçlenýär. Köpleriň pikirine görä, Hytaý Merkezi Aziýada täsirini artdyrýar.
Brýus Pannier soňky döwürlerde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ankaranyň “berk güýjüne” gyzyklanma bildirýändigini ýazýar. Türkiýäniň “Baýraktar” pilotsyz uçarlary Azerbaýjana Daglyk-Garabag konfliktinde ýeňiş gazandyrdy. Indi bu pilotsyz uçarlar Ukrainada ulanylýar. Türkiýäniň “Baýraktaryny” eýýäm Türkmenistan bilen Gyrgyzystan hem satyn aldylar.
Russiýanyň Ukraina çozmagyndan iki gün soň, Gazagystanyň Goranmak ministri Olžas Kusaýinow hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin, türk harby attaşy Fatih Pala bilen duşuşdy. Prezident Tokaýew Erdogan bilen duşuşmak üçin, maý aýynda Türkiýä sapar guraýar.
Özbegistana resmi sapary wagtynda, Erdogan Özbegistanyň Goranmak ministri Bahodir Kurbanow bilen duşuşdy, taraplar hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekdiler.
Merkezi Aziýa döwletleri bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanyşygy häzirlikçe onçakly köp däl, ýöne Ankara ony artdyrmaga çalyşýar. Käbir Merkezi Aziýa ýurtlary ozal Ukrainadan ýa-da Russiýadan alýan harytlaryna derek, indi Türkiýä ýüz tutýarlar. Mysal üçin, Russiýa derman eksportyny gadagan edensoň, Gyrgyzystan Türkiýeden derman satyn aldy.
Şeýle-de bolsa, makalanyň awtory Türkiýäniň daşarky syýasatynyň esasan Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin, "hereketlendiriji güýç" bolup, sebitde eýýäm meşhurlyga eýe bolan prezident Erdoganyň şahsyýetine baglydygyny duýdurýar.
Siriýa meselesinde Erdogan Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine garşy çykyş etdi. Ondan öň Pekiniň Sinjiang welaýatynyň ýerli etniki toparlaryny yzarlamak syýasatyny ýazgardy hem Hytaýy "genosid" bilen günäkärledi, ýöne Pekine garşy eden çykyşyny ýakynda ýumşatdy diýip, Pannier ýatladýar.
“Merkezi Aziýanyň liderleri Putine garşy çykmaýarlar, şeýle hem mümkin boldugyça Sinjiang meselesini agzamakdan gaça durýarlar. Ýöne Erdoganyň edermenligine guwanyp bilerler we güýçli Türkiýe bilen ýakyn gatnaşyklaryň peýdalydygyny görýärler, iň bolmanda Russiýa, Hytaý hem Günbatar bilen gatnaşyklary deňeçer saklamak üçin bu zerur" diýip, synçy sözüni jemleýär.
Elnur ALIMOWA, Azatlyk Radiosy
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.