Dünýä Türkmenleriniň bu sany halk yrymlarynyň mümkin bolan gözbaşy, gadymy şahsyýetleriň halkyň ruhy dünýäsindäki orny baradaky söhbetdeşlik bilen dowam edýär.
Geçen sanymyzda halk yrymlarynyň gözbaşy hem-de halk arasynda pir hasaplanýan mifiki we taryhy şahslaryň türkmenleriň ynanç dünýäsindäki orny barada gürrüň etdik.
Ýazyjy Hudaýberdi Hally türkmenleriň arasynda giň ýaýran halk yrymlaryny we pirlere çokunmak däplerini belli bir derejede habarsyzlyk we sowatsyzlyk bilen ilteşdirýär.
Şol bir wagtda, ýazyjy yrymlar bilen dini ynançlaryň arasynda arabaglanyşyk gurýar.
Gepleşigimiziň halk yrymlaryndan söz açýan sanyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň! Dünýä Türkmenleriniň bu sanyna Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally gatnaşdy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar