Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletler Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy boldy

Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletler Guramasynyň sammitine gatnaşýar. Stambul. 12-nji noýabr, 2021 ý.

Türkmenistanyň öňki prezidenti, Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletler Guramasynyň hemişelik maslahat beriji organy bolan Ýaşulular Geňeşiniň agzasy boldy. Gurama bu barada 15-nji aprelde beýanat berdi.

Beýanat eks-prezidentiň Ýaşulular Geňeşine Türkmenistanyň ýaşulusy hökmünde agza bolandygyny aýtdy.

Şeýle-de, beýanat Berdimuhamedowyň Ýaşulular Geňeşine gatnaşmagynyň Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda türk dünýäsi bilen köpugurly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda goşýan goşandyna täze itergi boljakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow fewral aýynda Aşgabatda geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde “ýurdy dolandyrmakda ýaşlara ýol bermegi makul hasaplaýandygyny” aýdyp, prezident wezipesinden çekilmek niýetini ýaňzytdy. Munuň yz ýany, ýurtda gyssagly prezident saýlawlary geçirilip, eks-prezidentiň 40 ýaşly ogly Serdar Berdimuhamedow iň ýokary döwlet wezipesini eýeledi.

Degişli maglumat Çeşme: Aşgabat Türki geňeşe agza bolmak üçin, protest hereketleriniň basylyp ýatyrylmagyny talap edýär 

Media habarlaryndan çen tutulsa, prezident Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtly ýokary derejeli myhmanlardan ilkinji bolup, 25-nji martda Türki Döwletler Guramasynyň Ýaşulular Geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymy kabul etdi. Döwlet telewideniýesine görä, şol gün Gurbanguly Berdimuhamedow hem Ýyldyrym bilen Aşgabatda duşuşdy.

Türkmenistan noýabr aýynda Türki Döwletler Guramasyna synçy agza hökmünde kabul edildi. Ozal Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi – Türki Geňeş atlandyrylan gurama agza ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň 12-nji noýabrda Stambulda geçirilen sammitinde Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana wekilçilik etdi. Bu sammitde guramanyň ady üýtgedildi.

Synçylar bitarap Türkmenistanyň türki döwletleriň hyzmatdaşlyk guramasyna tarap barha golaýlaşmagyny ýurduň sebitde we dünýäde emele gelýän täze şertlere uýgunlaşmak we öz ýaranlaryny gaýtadan gözden geçirmek synanyşygy bilen düşündirýärler.

“Türki Döwletler Guramasy Türkmenistan ýaly ýurt üçin dil taýdan, medeni we taryhy jähtden tebigy [ýaran bolup durýar]” diýip, Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýer 15-nji aprelde Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Bilermen Türkmenistanyň türki döwletlere, hususan-da Türkiýä tarap barha golaýlaşmagyny post-sowet giňşlikdäki Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda barýan uruş nukdaýnazaryndan seljerdi.

Degişli maglumat Ekspert syny: Türki Geňeş Türkmenistana nähili täze mümkinçilikleri hödürläp biler?

“Merkezi Aziýa ýurtlary, hususan-da Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkmenistan ýaly türki dilli döwletleriň ählisi Ukrainada bolup geçýän wakalara esewan edýärler. Olar Russiýanyň garaşylşyndan has agyr ýitgi çekýändigini görýärler. Munuň bilen, Russiýanyň abraýy biraz pese gaçýar. Her bir ýurt üçin partnýor gerek, eksport we import ugurlary gerek, howpsuzlyk ýardamy zerur bolanda bil baglar ýaly hyzmatdaş gerek, ýöne eger-de sen Merkezi Aziýa ýaly Ýewraziýa yklymynyň kalbynda ýerleşýän sebit bolsaň, onda bu zatlar saňa has köp gerek. Häzirki wagtda hemmeler öz ýaranlaryny we hyzmatdaşlaryny gaýtadan gözden geçirmeli bolýar” diýip, Panniýer Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Türki döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi 2009-njy ýylda esaslandyryldy. Häzirki wagtda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkiýe bu guramanyň doly hukukly agzasy bolup, Wengriýa we Türkmenistan oňa synçy agza hökmünde gatnaşýar.

Brýus Panniýere görä, Gurbanguly Berdimuhamedow ýaly öňki döwlet baştutanyň guramanyň Ýaşulular Geňeşine agza bolmagy gurama üçin örän möhüm bolup durýar.

Gazagystanyň öňki prezidenti Nursultan Nazarbaýew hem bu guramada işjeň çykyş edýärdi.

Şeýle-de, ekspert Türkmenistanyň Türkiýe Azerbaýjan ýaly döwletler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmeginiň ýurduň energiýa eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmagyna goşant goşup biljekdigini nygtady.

Galyberse-de, bilermen Berdimuhamedowyň türki döwletleriň Ýaşulular Geňeşine agza bolmagynyň Türkmenistanyň bu ýurtlar bilen has ýakyn we has açyk gatnaşyga bolan ymtylyşyny görkezýändigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.