«Sinostan». Hytaý Merkezi Aziýada «islenmeýän imperiýany» nähili gurdy

Chinese President Xi Jinping (2nd L, front) and other leaders of the Shanghai Cooperation Organization (SCO) member countries and observer states, as well as representatives of regional and international bodies, head for group photos during the 19th meeti

Raffaello Pantuççi bilen Aleksandros Piterseniň täze kitaby “Sinostan” Hytaýyň Merkezi Aziýadaky täsirini hem munuň geljekdäki ýetirjek netijelerini öwrenýär.

Hytaýyň Merkezi Aziýada barha artýan täsiri barada “Sinostan” atly täze kitabyň neşir edilmegi, awtorlar üçin on ýyldan gowrak dowam eden uzak derňewleriň jemini görkezýär.

Rafaello Pantuççi we Aleksandros Petersen 2008-nji ýylda Pekiniň sebitdäki barha artýan deňsiz-taýsyz täsirini öwrenmek üçin, ýola çykanlarynda, şol döwürde ol täsir beýle bir göze ilmeýärdi, ýöne şondan soň ol Hytaýyň global täsiriniň iň görnükli mysallarynyň birine öwrüldi.

2001-nji ýylda beýle bir dabaraly bolmadyk ýagdaýda, Pekin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) döredilmegi bilen sebite ilkinji örän möhüm ädimini ätdi. ŞHG Türkmenistandan başga Russiýany we Merkezi Aziýanyň öňki Sowet ýurtlaryny öz içine alýan sebitleýin bileleşik boldy.

Rafaello Pantuççi hem Aleksandros Petersen tarapyndan täze ýazylan “Sinostan” kitabynyň sahaby. Kitap 2022-nji ýylyň 14-nji aprelinde çap edildi.

Ýewraziýa gönükdirilen bu üýtgeşik çäre soňky ýyllarda Hytaýyň ösýän ykdysady şertlerini güýçlendirdi hem ony Merkezi Aziýanyň iň uly söwda hyzmatdaşyna öwürdi we sebitde giň nebit we gaz geçirijileriniň ulgamyny gurmaga ýardam berdi.

2013-nji ýylda Hytaýyň prezidenti Si Szinpin Gazagystanyň paýtagty Astanany (soň ol Nur-Sultan atlandyryldy) saýlap, "Ýüpek ýolunyň ykdysady guşaklygyny" açmagy bilen wakalar güýçlenip başlady. Si Szinpiniň daşary syýasatynyň alamaty boljak köp milliard dollarlyk “Bir guşaklyk – bir ýol” ýerüsti komponentleriň infrastruktura taslamasyna şert döretdi.

Iňlis we amerikan analitikleri üçin munuň özi Merkezi Aziýada we Hytaýda ençeme ýyllap dowam eden barlag işleriniň netijesini berjekdiginiň ýene bir subutnamasy boldy. Doktorlyk programmalaryny we dünýädäki pikirleri öwreniş merkezlerinde dürli hyzmatlary öz içine alýan bu iki awtor Pekiniň Merkezi Aziýada nädip “islenmeýän imperiýa” döredendigine düşünmek we ony düşündirmek üçin döredilen kitaba öwrüldi.

Sebitiň ykdysady we syýasy taýdan Hytaýa barha artýan baglanyşygy olar üçin mälimdi. Şeýle hem täze peýda bolan täsirden nädip peýdalanmalydygy barada, berk merkezi dolandyryş bolmazdan ýa-da bu ugurda Pekiniň anyk meýilnamasynyň ýokdugyna garamazdan, ol öz-özünden organiki taýdan bolup geçýär.

— Islenmeýän imperiýanyň pikiri wakalaryň barşyna baglylykdaky ýagdaýa esaslandy, biz Hytaýyň iň möhüm oýunçy bolandygyny görüp biljekdik, Pekinde geljegi şeýle öňden görüjiligiň hiç kimde ýokdugy onsuzam bellidi – diýip, Pantuççi Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Ýöne olaryň maksady ýaňy güýçlenip başlanynda, göz öňünde tutulan kitabyň ahyrky netijeleri görnende, 2014-nji ýylda betbagtçylyk ýüze çykdy.

Owganystandaky Amerikan uniwersitetinde, täze wezipä girişen Petersen Kabul restoranynda, “Talyban” söweşijileri tarapyndan partladylan bombada aradan çykdy. Şol partlama netijesinde 20 adam öldi.

Şol hüjümden soň Pantuççi kitap ýazmak işini bir gapdalda goýdy. Şo ýyllarda Pantuççi durmuş aladalaryna berildi, öýlendi, çagalary boldy hem täze işi ony başga ugurlardaky barlaglara gönükdirdi. Pantuççi pandemiýa döwründe kitaby tamamlady, şeýle etmek bilen wepat bolan dostuna hormat goýdy.

— Meniň pikirimçe, kitabyň ahyrsoňy çykmagy gaty gowy zat, sebäbi bu, ömrümiň bir bölegini bagyş eden işim, ömrümiň möhüm bölegi. Ahyr soňy durmuşymda bir bölümi jemledim diýip hasap edýän – diýip, Pantuççi aýdýar.

Rafaello Pantuççi (çepde), Sýun Enn Taý we Aleksandros Petersen (sagda) Samarkandyň merkezinde surata düşýärler. Özbegistan, 2011-nji ýyl.

TÄSIR HEM BIPERWAÝLYK

2014-nji ýyldan soň, Merkezi Aziýada köp wakalar bolup geçdi. ŞHG giňelmegi bilen hytaýyň işewür ulgamy sebite has içgin aralaşdy, Pekin seresaplyk bilen Täjigistanda howpsuzlyk gözegçiligini döretdi; "Bir guşaklyk – bir ýol" başlangyjy bolsa Hytaýa sebitiň gündelik durmuşyna öz täsirini has giň ornaşdyrmaga şert döretdi.

Şeýle hem Hytaýyň syýasatynyň sebite aralaşmagy-da dowam etdirildi.

2017-nji ýylda Sinjiangda rehimsiz repressiýa başlandy. Hytaýyň günbatar welaýaty bolan serhetýaka sebitde bir milliondan gowrak uýgur, gazaklar hem beýleki musulman azlyklary "zähmeti gaýtadan öwretmek" lagerlerine we türmelere atyldy. 2021-nji ýylyň awgust aýynda Owganystany talyp güýçleriniň ele geçirmegi hem ol ýerden Birleşen Ştatlaryň howlukmaç çykmagy Hytaýa sebitde öz täsirini artdyrmagy üçin, täze mümkinçilikleri açdy.

Edil şonuň ýaly-da, Moskwa bilen Pekin gatnaşygy fewral aýynda üýtgäp, bu proses ýokary derejä ýetdi, Si Szinpin bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin örän giň çäkdäki göwrümleýin dokumenti aýan etdiler, olaryň sözüne görä, hyzmatdaşlygyň "serhetsiz" täze döwri yglan edildi.

Bu ähli üýtgeşmelere garamazdan, Pantuççiniň hem Peterseniň başda gelen kararlaryna görä, Hytaýyň Merkezi Aziýanyň içine öz täsirini girizmegi öňki güýjünde galdy.

— Ägirt giň gerimli ykdysady gatnaşyklar, onuň geografik taýdan ýakynlygy hem-de içerki meseleleriň özara utgaşmagy Hytaýyň esasy oýunçy bolýandygyny aňladýar, emma ol sebitiň has uly problemalary bilen gyzyklanmaýar we muňa derek diňe özüne bähbitli meseleleri çözmäge ünsi jemleýär – diýip, Pantuççi belleýär.

Degişli maglumat Sowet Soýuzy dargansoň, Hytaý nädip ägirt güýçli döwlete öwrüldi

Sinjiang taryhy taýdan Merkezi Aziýanyň bir bölegi bolup durýar, ol resmi taýdan diňe 1949-njy ýylda Hytaýa goşuly. Uzak wagt bäri bu sebit bilen gatnaşyk Pekin meýilnamasynyň üns merkezinde bolup, Hytaý mydama yslam ekstremizminden alada edip geldi. Şol howpa duwlanyp hökümet tarapyndan lagerler toplumynyň döredilmegi hem repressiýalaryň giň ulanylmagy dünýäde Pekiniň giňden ýazgarylmagyna getirdi.

Hytaýyň syýasatçylary Merkezi Aziýa öz howpsuzlygy üçin strategiki taýdan möhüm sebit hökmünde garaýarlar. Pekiniň "Günbataryň ösüşi" strategiýasy ykdysady şertleri gowulaşdyrmak we Sinjiangy ösdürmek üçin gurlupdy, şeýle hem goňşy welaýatyň durnuklygyny-da öz içine alýar.

Munuň özi Merkezi Aziýa liderleriniň uzak garaşan maliýe bähbitleridi, olaryň milli býujetlerini Hytaýyň aýry-aýry welaýatlarynyň býujetleri bilen deňeşdiribem bolmaýar, munuň esasynda bolsa Sinostany özleşdirýän “islenmeýän imperiýanyň” deňeçerligi durýar.

Bir tarapdan, Pantuççi hem Petersen Merkezi Aziýanyň öz gezeginde Hytaý üçin synag meýdançasy bolandygy öňe sürýärler. “Häzirki wagtda Hytaýyň daşary syýasatynyň nähili bolandygyny ol ýerden görüp bolýar, netijede, Hytaý ýüzbe-ýüz bolýan käbir problemalary ýeňip geçjekdigini duýýar”.

Emma şol bir wagtyň özünde, Pantuççiniň aýtmagyna görä, Hytaý Merkezi Aziýanyň durkuny tutuşlygyna görmek islemeýär, şonuň bilen birlikde, belki-de, ol sebitiň ykdysady ýa-da syýasy meselelerini çözmek meselesine hasam az üns berýär.

— Hytaý dünýädäki iň uly ykdysadyýetden biri, munuň üstesine goňşy bolany üçin, tebigy ýagdaýda olaryň Merkezi Aziýa ägirt uly täsir edýändigini aňladýar. Ýöne munuň özi-de hytaý ýolbaşçylarynyň asla ileri tutýan ugry däl – diýip, ol aýdýar.

Hytaýyň hem Täjigistanyň serhet goşunlary Hytaý-Täjigistan serhedinde bilelikde gözegçilik edýärler. 2017-nji ýyl.

TÄZE HÖKÜMET WE MEŇZEŞ BÄHBITLER

Bu dinamika aýratyn-da, 24-nji fewralda Russiýanyň Ukraina çozmagyndan soň, sebitiň geljegi barada köp meseleleri döredýär.

Ýanwar aýynda Russiýanyň Gazagystana öz harbylaryny girizmek bilen Moskwa henizem Merkezi Aziýanyň daşarky esasy goragçysy bolup durýandygyny görkezdi. Hytaý bolsa ol orny eýelemek üçin, aýratyn bir isleg görkezmedi. Şeýle-de bolsa, Ukrainada barýan söweş Hytaýyň täsirini hasam berkider hem-de Russiýanyň täsirini çäklendirer.

Merkezi Aziýanyň Gazagystan we Özbegistan ýaly hökümetleri Moskwanyň Ukrainanyň özygtyýarlylygyny bozup, ol ýurda çozup girmegine alada bildirdiler. Şol bir wagtyň özünde, Günbataryň Russiýa garşy girizen sanksiýalary agyr ykdysady zarba öwrülip, olaryň ýaragly güýçleri agyr kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolup, ýitgiler we strategiki ýalňyşlyklar bilen utgaşýar, şeýle hem bu ýagdaý olary işjeň ýoldaş hökmünde özüne ünsi az çekiji edip biler.

Beýleki tarapdan, bu Hytaýa ykdysady we syýasy täsirini ösdürmek üçin şert döredýär, ýöne Merkezi Aziýadaky durnuksyzlyk "gapak aşagynda gaýnamagyny" henizem dowam etdirýär. Beýleki tarapdan, Ukrainanyň Russiýa nähili gaýtawul berip biljekdigi, adatda bolşy ýaly, onuň energiýa täsiri aýratyn mesele bolup durýar.

— Hytaýyň barha ösýän täsiri baradaky mesele indi diňe [aýlawyny artdyrar]. Ýöne haçan-da bir kynçylyk ýüze çyksa, esasy mesele şonda bolar. Ýagdaýy düzetmek üçin, Hytaýyň öňe ädim ätmek islejekdigini ýa-da ýokdugyny men bilemok – diýip, Pantuççi aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.