Tutuş Türkmenistan boýunça Internetiň tizligi düýbünden pese gaçdy we VPN hyzmatlarynyň tas ählisi petiklenýär diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri habar berýärler.
Öň işläp duran tölegli VPN-ler hem işlemegini bes etdi diýip, çeşmeler aýdýarlar.
Türkmenistanda Internet tizliginiň görlüp-eşidilmedik derejede pese gaçmagy we VPN hyzmatlarynyň köpçülikleýin petiklenmegi ýurduň ähli sebitlerinde bolup geçýär.
Türkmenistan Internet toruna özüniň ýeke-täk Internet prowaýderiniň – “Türkmentelekom” milli aragatnaşyk operatorynyň üsti bilen birigýär.
Degişli maglumat Saýlaw möwsüminiň fonunda Internet haýallady“Ähli VPN-ler, şol sanda tölegli VPN-ler işlemegini bes etdi. Tizlik düýbünden peseldi. Beýle pes tizlikli Interneti men ozal görmändim” diýip, ýurt içindäki çeşmämiz anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Garaşsyz turkmen.news neşiri hem 11-nji aprelde ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, soňky günlerde Türkmenistanda Internet petiginiň geriminiň güýçlenendigini habar berdi. Neşir ýurt içinde VPN hyzmatlarynyň petiklenýändigini belledi.
Düýbi ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda ýerleşýän “Cloudflare” Internet hyzmatlary kompaniýasy ýekşenbe güni Aşgabat wagty bilen agşam sagat 7-den başlap, Türkmenistanda Internet tizliginiň düýpli peselendigini anyklady. “Cloudflare Radar” Türkmenistanda Internetiň tas doly diýen ýaly öçürilendigini aýtdy.
Kompaniýanyň websaýtyna görä, Türkmenistanda Internet 12-nji aprel, sişenbe gününe çenli heniz hem düýpli bökdelýär.
Türkmen hökümeti maglumat giňişligini berk çäklendirmekde tanalýar. Odnoklassniki, Vkontakte, Facebook, Twitter we Instagram ýaly iri sosial torlar ýurtda petikli bolmagynda galýar. Galyberse-de, garaşsyz habar neşirleriniň websaýtlary häkimiýetler tarapyndan petiklenýär. Ulanyjylar garaşsyz maglumat almak üçin Internet petigini böwüsýän gurallardan, şol sanda Psiphon, Lantern, Orbot ýaly VPN-lerden hem-de Tor ýaly howpsuz brauzerlerden peýdalanmaly bolýarlar.
Ýurduň bir welaýatyndaky habarçymyz soňky iki hepdeden gowrak wagt bäri Internet aragatnaşygynyň hiliniň yzygiderli ýaramazlaşýandygyna ünsi çekýär.
Galyberse-de, habarçymyz özüniň bolýan sebitinde häkimiýetleriň VPN ussalaryna garşy göreşiniň ýowuzlaşýandygyny habar berýär.
“Gurbanguly [Berdimuhamedowyň] döwründe VPN ussalary diňe jerime bilen gorkuzylan bolsa, indi Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri VPN ussalaryny 15 gün möhlet bilen tussag etmek haýbatyny atýarlar” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi. Ol VPN ussalarynyň birnäçe ýyl möhlete türme tussaglygy bilen gorkuzylýandygyny hem aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.
Degişli maglumat Türkmenistanda VPN-e garşy göreş dowam edýär, ulanyjylar soraga çekilýärTürkmenistanda Internetiň berk çäklendirilmegi bilen telefon ussahanalary VPN ussaçylygy bilen hem meşgul bolýarlar we telefondan baş çykarýan käbir hünärmenler telefonlara VPN gurnamak arkaly gazanç edýärler.
Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz döwründe ýaýbaňlandyran internet çäklendirmeleri zerarly 2016-njy ýylda Serhetsiz reportýorlar guramasy tarapyndan “Internetiň ganym duşmanlarynyň” sanawyna goşuldy.
Öňki prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow prezident wezipesine kasam kabul edeninde döwlet syýasatynda özgeriş wada bermedi. Munuň yz ýany, ýurtdan öňden bäri dowam edýän Internet çäklendirmeleri has-da berkidilip dowam etdirilýär.
Ýurt boýunça emele gelen Internet bökdençligi täze prezidentiň wezipä girişmeginden üç hepde gowrak soň bolup geçýär.
Azatlygyň habarçysy ýurduň bir sebitinde Altyn asyr mobil operatorynyň hyzmatlarynyň hiliniň hem soňky iki hepde gowrak wagt bäri pese gaçandygyny habar berýär.
Düýbi Britaniýada ýerleşýän Cable.co.uk saýtynyň bilermenleriniň geçiren barlaglaryna görä, dünýäde iň haýal we iň gymmat Internet Türkmenistanyň ilatyna hödürlenýär.
Muňa garamazdan, türkmen hökümeti ýurduň tas ähli pudaklaryna sanly ulgamlary ornaşdyrmakda öwünýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.