Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi “halk yrymlaryny” Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizýär.
Türkmen edebiýatçylary halk yrymlaryny halk döredijiliginiň bir bölegi hasaplaýar.
Halk arasynda gara pişik ýolda barýan adamyň öňüni kesip geçse, betbagtlyga uçralýar; käsedäki çaýda çöp çommalsa, myhman gelýär; çep aýaň gijese, girdeji; sag aýaň gijese, çykdajy ýaly bir topar yrymlar bar.
Galyberse-de, türkmenleriň arasynda giň ýaýran halk yrymlaryna görä, ilat arasynda dürli ugurlar boýunça pirlere çokunylýar, olardan medet dilenýär.
Dünýä Türkmenleriniň bu sany türkmen halk yrymlarynyň mümkin bolan gözbaşyny öwrenýär.
Gepleşigimize Pragadan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally gatnaşdy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar