Putin Berdimuhamedowy Moskwa çagyrýar: Aşgabat Russiýany ümsüm goldaýar, Ukraina barada dymýar

Kreml. Moskwa ş. Russiýa. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putin hat alşyp, birek-biregi iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady. Şeýle-de, türkmen döwlet ýolbaşçylary birnäçe gün mundan ozal rus syýasatçysynyň aradan çykmagy mynasybetli Putine gynanç bildirdi. Bu aralykda, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň Russiýa boýunça geçirýän ses berişligine gatnaşmazlygy saýlap alýar.

“Biz Türkmenistanda Russiýa bilen gatnaşyklary gyşarnyksyz ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris” diýip, TDH 8-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň Putine iberen hatyny sitirledi.

Degişli maglumat Inagurasiýanyň öň ýany awtoritar liderler türkmen saýlawlarynyň ýeňijisini gutlaýar

Öz gezeginde, Putin hem Berdimuhamedowa hat iberip, ony iki ýurduň arasyndaky möhüm ýyl dönüm bilen gutlady.

“Bilelikdäki tagallalarymyz arkaly rus-türkmen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda mundan beýläk-de ösdürilmegini üpjün etjekdigimize ynanýaryn. Munuň özi biziň dostlukly halklarymyzyň bähbitlerine doly derejede laýyk gelýär, Merkezi Aziýada hem-de Hazarda howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmagyň maksadyna eýerýär” diýip, Putin Türkmenistanyň prezidentine ýüzlendi.

Hatlardan daşary, 7-nji aprelde Türkmenistanyň prezidenti karara gol çekip, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklady.

Has ozal, 6-njy aprelde prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de onuň kakasy, Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow rus syýasatçysy Wladimir Žirinowskiniň aradan çykmagy zerarly Putine gynanç hatyny ýollady.

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky “hat diplomatiýasy” dowam edýän mahaly, BMG-niň Baş Assambleýasy 7-nji aprelde basybalyjy rus güýçleriniň Ukrainada "adam hukuklaryny gödek we yzygiderli bozýandygy we basgylaýandygy” baradaky habarlar sebäpli Russiýany Adam hukuklary geňeşinden çykarmak üçin ses berdi. Türkmenistan bu ses berişlige gatnaşmady.

Has ozal, BMG-niň Baş Assambleýasy Russiýanyň Ukraina goşun sürmegini ýazgaryp 3-nji martda ses berişlik berdi. Dünýäniň 141 ýurdy Russiýanyň garşysyna biragyzdan ses berdi. Türkmenistan bu ses berişlige hem gatnaşmady.

Russiýa 24-nji fewralda Ukrainanyň üstüne esassyz çozuşa girişeli bäri, halkara jemgyýetçiligi rus agressiýasyny ýazgaryp çykyş edýär.

Bitarap Türkmenistan Ukraina urşy barada kelam agyz beýanat bermeýär.

Degişli maglumat “Russiýany eklemek bize galdymy?!”: Türkmen potratçylary häkimiýetleriň eksport talabyndan nägile

Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýer Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň prezidenti wezipesine getirilmeginde Kremliň bildiren goldawlarynyň öwezine Türkmenistanyň hökümetiniň Moskwa ygrarly galmaga çalyşýandygyny aýtdy.

“Bu, meniň pikirimçe, Türkmenistanyň Russiýa has-da golaýlaýandygyny görkezýär. Bu proses indi birnäçe ýyl bäri dowam edip gelýär. Elbetde, Türkmenistanda Serdar Berdimuhamedowyň prezident saýlanmagy Moskwa bilen öňünden maslahatlaşylyp edilen zat. Şonuň üçin, berlen goldawlar üçin Serdaryň hut özi Moskwanyň öňünde bergidar ýaly” diýip, Brýus Panniýer aýtdy.

12-nji martda köpler üçin duýdansyz geçirilen irki prezident saýlawlaryndan soňra Türkmenistanda ýokary döwlet wezipesi Gurbanguly Berdimuhamedowdan Serdar Berdimuhamedowa geçirildi. Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary giň ýaýran saýlaw düzgün bozmalarynyň arasynda geçirilen saýlawlarda Serdar Berdimuhamedowyň 73 göterime golaý ses alandygyny aýdýar.

Kiçi Berdimuhamedow ýokary döwlet wezipesindäki ilkinji günlerinden başlap, ýurduň bitaraplyk syýasatyny nygtap gelýär.

Panniýer Türkmenistandaky hukuk kemsitmeleriniň hem-de diýdimzor döwlet dolandyryşynyň ýurdy demokratik gymmatlyklara sarpa goýýan Günbatar hyzmatdaşlaryndan mahrum edýändigini aýtdy. Munuň netijesinde, ol Türkmenistanyň Russiýa bilen Hytaý arasynda gysylyp galýandygyny aýdýar.

“Türkmen hökümetiniň bagtyna, onuň bir-iki sany dosty bar. Olar ýa Russiýa bilen ýa-da Hytaý bilen dost bolup bilýärler” diýip, Panniýer aýtdy.

Türkmen hökümeti özüniň bir topar ýurtlar bilen, şol sanda iri hyzmatdaşlar bilen halkara guramalaryň çäginde hyzmatdaşlyk edýändigini aýdýar.

Degişli maglumat Türkmen häkimiýetleri Russiýa ugry boýunça gök-bakja eksportyny artdyrmak ugrunda tagalla edýärler

Russiýanyň Ukraina esassyz goşun girizmeginden soňra, Moskwa halkara sanksiýalara duçar boldy. Bu gadaganlyklaryň arasynda Russiýa käbir azyk harytlarynyň, şol sanda şekeriň hem-de bugdaýyň daşary ýurtlara eksportyny wagtlaýyn togtatdy, galyberse-de, daşary ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň käbir oba hojalyk önümlerine girizen import gadaganlygyny ýatyrdy. Munuň yz ýany, türkmen häkimiýetleri oba hojalyk önümlerini, pomidory we bolgar burçuny uly möçberlerde Russiýa eksport etmek üçin tagalla edip başlady.

“Öz ilatynyň çekýän açlygyna we azyk üpjünçiligi bilen bagly başdan geçirýän kynçylyklaryna garamazdan, Türkmenistan indi Russiýa oba hojalyk önümlerini eksport edýär. Russiýa sanksiýalara duçar bolansoň, olar Russiýa has köp pomidor, has köp beýleki önümleri eksport edip başlady. Görnüşinden, Russiýa Türkmenistanyň geljeginiň, ýakyn geljeginiň hyzmatdaşy. Olar Ukraina boýunça dymýarlar, ýöne bu babatda Russiýanyň pozisiýasyny ümsümlik bilen goldaýarlar” diýip, Panniýer aýtdy.

Bu aralykda, Kremliň websaýtyna görä, 8-nji aprelde Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň arasynda telefon söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Putin Berdimuhamedowy Russiýa sapara çagyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.