Hökümet Almatydaky prezident rezidensiýasynyň ýykylmagy üçin alty milliard teňňe berer

Gazagystanyň hökümeti Almatydaky prezident rezidensiýasyny ýykmak üçin 6 milliard teňňe (häzirki nyrhlar boýunça 13 million dollardan gowrak) bölüp bermegi meýilleşdirýär diýip, maliýe ministriniň orunbasary Tatýana Sawelýewa dördünji gün aýtdy.

Ýanwar aýynda bolan köpçülikleýin nägilelikleriň möwç alýan günlerinde Almatydaky prezident edarasy demonstrantlar tarapyndan basylyp alyndy. Binada ýangyn turdy.

Ýerli habar serişdeleriniň fewral aýynda prezident edarasyna salgylanyp beren maglumatyna görä, şonda bu ýere gozagalaňçylar tarapyndan getirilen awtoulag birinji gatda ot alyp, soňundan partlady. Ýangyn jaýyň ýokarky gatlaryna hem zeper ýetirdi.

Häkimiýetler mart aýynda bu binany ýykmak kararyna geleninden soň, prezidentiň teleýaýlym we radio toplumy ýörite film taýýarlady. Gazagystanyň Dikeldiş we ösüş institutynyň direktory Žmagul Nuguzinowyň filmde tassyklamagyna görä, binanyň göteriji sütünleri ýangyn sebäpli öz berdaşlylygyny ýitirdi we olaryň dolulygyna çalşyrylmagy zerur.

Prezidentiň iş dolandyryjysy Aýbek Dadebaýewiň filmiň awtorlary bilen söhbetdeşlikde hünärmenlere salgylanyp aýtmagyna görä, bina dikeldilen ýagdaýynda hem 20 ýyldan köp ulanylyp bilinmez.