ÝB wekili Mişel Russiýanyň nebit-gazyna “iru-giç” sanksiýa girizmeli bolar diýýär

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Çarlz Mişel

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Çarlz Mişel, rus güýçleriniň Ukraianada edýän uruş wagşylyklary baradaky habarlaryň arasynda, bileleşigiň Moskwa görkezýän basyşyny güýçlendirmek üçin, Ýewropa Bileleşiginiň Russiýanyň nebit-gaz ýaly energiýa pudagyna garşy hem “ir ýa giç” sanksiýa girizmeli boljakdygyny aýtdy.

Rus goşunlarynyň Buça ýaly şäherlerde eden "uruş jenaýatlary" baradaky habarlar "Russiýanyň ukrain halky babatdaky rehimsizliginiň çäksizdigini subut edensoň", Mişel ýewropaly kanun çykaryjylary Moskwanyň esasy girdeji çeşmesine gönükdirilen çäreleriň hem pikirini etmäge çagyrdy.

Rus habar gulluklarynyň maglumatyna görä, döwlet eýeçiligindäki energiýa läheňi “Gazpromyň” şertnamalary esasynda, Ukrainanyň üsti bilen Ýewropa iberilýän rus tebigy gazynyň akymy 6-njy aprelde hem dowam etdi.

"Interfaks" habar gullugy Ukrainanyň gaz geçirijilerine salgylanyp, 6-njy aprelde bir gün ozal iberilen gazyň 108,4 million kub metr bolandygyny aýtdy.