ABŞ-nyň aňtaw gullugy: Putiniň geňeşçileri oňa hakykaty aýtmaýar

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin harby ýolbaşçylar bilen maslahat edýär. Arhiw suraty

Amerikanyň aňtaw gullugy Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň geňeşçileriniň oňa rus goşunlarynyň Ukrainadaky söweşleri baradaky hakykaty aýtmaýandyklaryny öňe sürýär. "Associated Press" bu maglumaty ABŞ-nyň administrasiýasynyň žurnalistler bilen anonimlik şertinde gürleşen resmisine salgylanyp çap etdi.

Adminstrasiýa wekiliniň aýtmagyna görä, harby gulluga çagyrylan ýaş esgerleriň söweşe gatnaşmagy we wepat bolmagy baradaky maglumatlar Putinden gizlenýär.

Rus prezidenti mundan öň öz başlan ýörite operasiýasyna diňe hakyna tutulan esgerleriň gatnaşýandygyny birnäçe gezek mälim etdi, ýöne soň Goranmak ministrligi Ukrainadaky urşa harby gulluga çagyrylan esgerleriň hem iberilendigini we olaryň käbiriniň ýesir düşendigini boýun aldy. Goranmak ministrligi ol esgerleriň hemmesiniň eýýäm yzyna çykarylyp, Russiýa getirilendigini aýtdy.

Şeýle-de, amerikan resmisiniň sözlerine görä, Putinden günbatar sanksiýalarynyň rus ykdysadyýetine ýetiren zyýanynyň möçberini ýaşayrmaga çalyşýarlar. Putiniň töweregindäkiler oňa "hakykaty aýtmakdan gorkýar" diýip, ABŞ resmisi aýtdy.

Ýöne muňa garamazdan, resminiň sözlerine görä, Putin harbylaryň özünden frontdaky problemalary gizlemäge synanyşýandygyny duýýar we bu ýagdaý harby ýolbaşçylar bilen prezidentiň arasyndaky dartgynlylygyň ýokarlanmagyna sebäp boldy.

Kreml bu habarad häzirlikçe hiç bir düşündiriş bermedi.