Prezident Wolodimir Zelenski Ukrainanyň bitaraplygyny yglan etmäge we parahatçylygy üpjün etmek üçin ýurduň gündogaryndaky dawaly sebitlerde eglişige gelmäge taýýardygyny aýdanyndan soň, rus we ukrain wekiliýetleri iki hepdeden gowrak wagt içinde Stambulda ilkinji ýüzbe-ýüz gepleşiklerini geçirýärler.
Taraplaryň arasynda ozal ýüzbe-ýüz we wideo arkaly geçirilen gepleşiklerde hiç bir ilerleme gazanylmady.
Zelenski gepleşiklerde Ukrainanyň ileri tutýan ugurlarynyň “özygtyýarlylyk we territorial bitewilik” boljakdygyny aýtdy. Ol 27-nji mart agşamy eden ýüzlenmesinde Ukraina “hakykatdanam, haýal etmän parahatçylyk gazanmaga çalyşýar" diýdi.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan gepleşikleriň öňüsyrasynda eden çykyşynda taraplara gepleşiklerde gazanylan ilerlemäniň Zelenski bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň arasyndaky duşuşyga ýol açjakdygyny aýtdy.
Erdogan gepleşikleriň anyk netije bermeginiň wagtynyň gelendigini aýtdy, haýal etmän atyşygy togtatmaga çagyrdy we "bu betbagtçylygyň öňüni almak" iki tarapyň özlerine bagly diýdi.
Erdogan bu gepleşiklere beýemçilik etmäge 27-nji martda Putin bilen geçirilen gepleşikde razy boldy.
Türk lideri 28-nji martda geçiren hökümet ýygnagyndan soň telewideniýede berlen çykyşynda Zelenski we Putin bilen aýry-aýrylykda geçiren telefon gürrüňleriniň “oňyn tarapa” ilerleýändigini aýtdy. Ýöne hiç bir jikme-jik maglumat bermedi.
Ukrainanyň daşary işler ministri Dmitro Kuleba öz ýurdunyň bu gepleşiklerden iň köp umyt edip biljek zadynyň atyşygyň bes edilmegi bolup durýandygyny aýtdy.
Russiýa dört hepdeden gowrak dowam edýän sebäpsiz çozuşy netijesinde Ukrainanyň hiç bir uly şäherini basyp alyp bilmedi we 25-nji martda esasy ünsüni ýurduň gündogar tarapyna, Moskwa tarapyndan goldanýan separatistleriň soňky sekiz ýylda ukrain goşunyna garşy söweşýän ýeri bolan Donbas sebitine gönükdirýändigini yşarat etdi.