Häkimiýetler jaý wadalaryny gaýtalaýar. Jaý nobatyna ýazylmak üçin 'ýa tanyş, ýa para' gerek

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Aşgabatda Öý dolandyryş müdirlikleriniň işgärleri ilaty jaý bilen üpjün etmek maksady bilen täze we öýsüz maşgalalary hasaba almak işlerine girişendiklerini aýdýarlar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan paýtagt ýaşaýjylary jaý nobatyna ýazylmak üçin raýatlardan “ýa tanyş, ýa-da para soralýandygyny” aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 28-nji martda habar berdi.