BMG Baş Assambleýasy Ukrainadaky parahat ilatyň we raýat infrastrukturasynyň goralmagyny we urşuň haýal etmän togtadylmagyny talap edýän karar kabul etdi. Bu kararyň hökmany güýji ýok.
BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda, 24-nji martda tassyklanan karara 193 agzaly assambleýada 140 ýurt goldaw bildirdi; dört ýurt - Siriýa, Belarus, Demirgazyk Koreýa we Eritreýa Russiýa goşulyp, bu karara garşy ses berdi, 38 ýurt bolsa ses bermekden saklandy.
Rezolýusiýa "Russiýa Federasiýasynyň Ukraina garşy duşmançylygyň, hususan-da asuda ilata we raýat obýektlerine garşy edilýän hüjümleriň haýal etmän bes edilmegini talap edýär". Şeýle-de bu karar asuda ilatyň, medisina işgärleriniň, kömek işgärleriniň we žurnalistleriň goralmagyny talap edýär.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2-nji martda kabul eden maslahat beriji karary hem Russiýadan güýç ulanmagyny derrew bes etmegini talap edipdi. Şonda bu rezolýusiýa 141 ýurt goldaw bildirdi.