25-nji martda Aşgabat-Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawy amala aşyrylar diýip, hökümetçi “Türkmenportal” neşiri Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasyna salgylanyp habar berýär.
Şeýle-de neşir nobatdaky uçar gatnawynyň «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan amala aşyryljakdygyny, awiapetekleriň 24-nji martda sagat 09:00-dan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki hem-de welaýatlardaky bölümlerinde satyljakdygyny belleýär.
Bu Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bu ýurtdan çykjak bolýan rus raýatlary üçin guraýan 41-nji uçar gatnawy diýip, habarda nygtalýar.
Türkmenistan Russiýa we beýleki ýurtlar bilen aradaky yzygiderli uçar gatnawlaryny 2020-nji ýylyň mart aýynda, koronawirus pandemiýasy sebäpli togtatdy we, daşary ýurtlarda, hususan-da Türkiýede galan raýatlarynyň çagyryşlaryna garamazdan, ýörite uçar gatnawlaryny örän az gurnady.
Ýöne hökümetçi “Orient” neşiriniň golaýda Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlary bileleşigine salgylanyp ýazmagyna görä, Moskwa-Aşgabat şäherleriniň aralygyndaky göni uçar gatnawlarynyň 27-nji martdan başlap yzygiderli ýola goýulmagyna garaşylýar.