BMG: Ukrainada uruş başlanaly bäri on million adam öýünden gaçdy

Ukrain bosgunlary

BMG-niň bosgunlar edarasynyň başlygy 20-nji martda Orsýetiň Ukraina garşy başlan sebäpsiz urşunyň birinji gününden bäri bu ýurtda on million adamyň, ilatyň dörtden bir böleginiň ýaşap oturan jaýlaryndan gaçyp çykandygyny aýtdy.

“Uruş turuzýanlaryň jogapkärçiligine, dünýäniň ähli ýerinde, öz ýaşap oturan jaýlaryny taşlap gaçmaga mejbur bolan asuda adamlaryň görýän görgüleri hem girýär” diýip, BMG-niň bosgunlar edarasynyň başlygy Filippo Grandi twitterde aýtdy.

"Ukrainadaky uruş örän weýrançylykly, ol 10 million adamyň ýurduň içinde ýa-da daşary ýurtda pena gözlemegine sebäp boldy” diýip, Grandi sözüniň üstüni ýetirdi.

BMG-niň Bosgunlar edarasynyň görkezijilerine görä, 24-nji fewralda başlanan rus çozuşyndan bäri 3,4 milliondan gowrak ukrainaly, esasanam aýallar we çagalar öz ýurtlaryny terk etdi.