Halkyň syýasata gatnaşmagy we saýlawlar

Illýustrasiýa suraty.

Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sany Türkmenistanda halkyň syýasata gatnaşygynyň ýagdaýy bilen gyzyklanýar.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Türkmenistanda geçirilen irki prezident saýlawlary boýunça çap eden beýanatynda Birleşen Ştatlaryň Türkmenistanyň halkynyň syýasata gatnaşmagyny höweslendirmäge dowam etdirjekdigini aýtdy.

Synçylar türkmen halkynyň syýasatdan bilkastlaýyn üzňe saklanýandygyny, ilat arasynda syýasy sowatlylygyň ýokarlanmagynyň häkimiýetler tarapyndan öňüniň alynýandygyny aýdýarlar.

Demokratik ýurtlarda halkyň syýasata gatnaşmagy höweslendirilýär. Halkyň syýasata gatnaşmagyna rugsat berilýän, höweslendirilýän ýurtlarda raýatlar öz durmuşyna täsir edýän kararlara gönüden-göni täsir edip bilýärler. Raýatlaryň pikirleri alga alynýar. Syýasata gatnaşmak höweslendirilýän ýurtlarda raýat jemgyýetiniň ösmegi üçin şert döreýär.

Awtoritar ýurtlarda raýatyň sesi häkimiýetler tarapyndan gysylýar. Raýatlar karar kabul ediji merkezleriň, häkimiýetleriň alyp barýan syýasatyna täsir edip bilmeýär.

Saýlawlar raýatlaryň syýasata gatnaşygynyň gerimini görkezýän gurallaryň biridir. Türkmenistanyň merkezi saýlaw topary 12-nji martda geçirilen saýlawlara gatnaşygyň ýokary bolandygyny aýdýar. Synçylar Merkezi saýlaw toparynyň resmi sanlaryna şübheli çemeleşýärler.

Eýsem, Türkmenistanda raýatlar ýurtda alnyp barylýan syýasata nä derejede gatnaşyp bilýär? Syýasata gatnaşygy höweslendirmek üçin nähili şertler gerek?

Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sany Türkmenistanda halkyň syýasata gatnaşygynyň ýagdaýy bilen gyzyklanýar.

Gepleşigimize Pragadan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally gatnaşdy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Halkyň syýasata gatnaşmagy we saýlawlar