"Migrant Media" - migrantlara niýetlenen proýekt

Migrantlar

Gadyrly okyjylar!

Merkezi Aziýa habarlar gullugy (Azat Ýewropa / Azatlyk Radiosy (RFE/RL) korporasiýasynyň taslamasy) siziň dykgatyňyza täze başladylan “Migrant Media” rubrikasyny hödürleýär.

Häzirki wagtda Merkezi Aziýa ýurtlarynda migrasiýa we onuň bilen bagly ýagdaýlar iň möhüm meseleleriň hatarynda bolmagynda galýar. "Migrant Media" taslamasy migrantlaryň ýerleşýän ýurtlaryndaky hukuklary, borçlary we ýaşamak düzgünleri baradaky habardarlygyny ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Habarly bolmak, goragly bolmagy aňladýar! Bu proýekt öz ýurdunyň daşyna çykan ýa-da çykmagy indi meýilleşdirýän zähmet migrantlaryna peýdaly bolup biljek soňky maglumatlary ýetirmegi göz öňünde tutýar.

Centralasian.org websaýtynda regional we halkara täzelikler bilen bir hatarda biziň täze “Migrant Media” rubrikamyz bilen hem tanyşyp bilersiňiz, şeýle-de migrantlara peýdaly bolup biljek köp gyzykly maglumatlary okap bilersiňiz.

Bu maglumatlar biziň şu Telegram kanalymyzda hem elýeterli bolar: https://t.me/migrantsmedia