ÝUNISEF Türkmenistana 413 müň dollarlyk deksametazon serişdesini getirdi

TDH-nyň fotosuraty

ÝUNISEF, BMG-niň Çagalar gaznasy Türkmenistanyň Saglyk ministrligine 413 müň dollarlyk deksametazon serişdesini gowşurdy diýip, türkmen mediasy habar berýär.

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandr Narteanyň türkmen mediasyna aýtmagyna görä, “ÝUNISEF bütindünýä pandemiýasynyň iň başyndan bäri Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine goldaw berip gelýär”.

Ol “deksametazonyň – degişli barlaglardan geçen we dem alyş ýollaryndan ejir çekýän hassalaryň saglygy babatynda täsirliligini subut eden serişdäniň” häzirki tapgyrynyň hem “her çaga üçin sagdyn durmuş terzini üpjün etmek boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlygy görkezýändigini” belleýär.

Türkmenistanyň hökümeti dünýäniň ösen döwletleriniň saglygy saklaýyş pudaklarynda hem uly alada döreden pandemiýa garşy başda dermanlyk ot-çöpler bilen göreşmegi wagyz etdi.

Azatlygyň habarçylarynyň we saglyk pudagyndaky çeşmeleriň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda bu keselden müňlerçe adam heläk boldy. Emma resmi Aşgabat şu wagta çenli koronawirusdan ölen adamlaryň hiç birini resmi taýdan hasaba almady.