Aşgabatda üç gün bäri ýagýan ýagyş köçelerde ýagyn suwlarynyň üýşmegine getirdi. “Meteožurnal” suw joşmalarynyň ähtimallygyny duýdurýar

Illýustrasiýa suraty

Aşgabat şäherinde indi tapgyr üçünji gün (17-nji mart) ýagynly howa şertleri dowam edýär. Şäherde irdenden agşama çenli ýagyş ýagýar. Munuň bilen baglylykda, şäheriň ençeme köçesini ýagyn suwlary basdy. Jemagat hojalygy gullugyna degişli edaralaryň işgärleri köçeleri ýagyn suwlaryndan arassalamaga çalyşsa-da, olaryň bu tagallalary o diýen oňyn netije bermeýär. Bu aralykda, howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri Türkmenistanyň käbir sebitlerinde güýçli ýagşyň ýagmagyna garaşylýandygyny we munuň suw joşmalaryna sebäp bolup biljekdigini habar berýär.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysynyň maglumatyna görä, dyngysyz diýen ýaly ýagýan ýagyş şäheriň ýanýodalarynyň köpüsinde ýagyn suwlarynyň üýşmegine sebäp boldy. Bu ýerlerde üýşen ýagyn suwlarynyň çuňlugy adamlaryň dyzyna çenli ýetýär.

"Gündelik zerurlyklar üçin köçä çykan adamlar, şol sanda öý hojalykçy zenanlar, işgärler we mekdep okuwçylary öýlerine gelende, olaryň köwüşleri we egin-eşikleri dyzyna çenli myžžyk bolýar. Köçeleri we ýanýodalary suw basdy. Bu ýagdaý esasan pyýadalary köseýär" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly ýaşaýjy 17-nji martda gürrüň berdi.

Degişli maglumat Gökdepe şäherinde tupan zerarly bir adam heläk boldy

Habarçymyzyň maglumatyna görä, jemagat hojalygy gullugyna degişli edaralaryň işgärleri ýagynyň netijelerini ýok etmek boýunça dyngysyz işleýärler. Olar ýörite tehnikalaryň kömegi bilen, ýagyn suwlaryny sorup almaga çalyşýarlar. Ýöne olaryň bu tagallalary oňyn netije bermeýär.

Habarçymyz we aşgabatlylaryň ençemesi köçelerde we ýanýodalarda ýagyn suwlarynyň üýşmeginiň esasy sebäpleriniň birini paýtagtyň köçeleriniň gyrasyndaky aryklaryň gum bilen örtülip, ýer bilen deňleşdirilmegi bilen baglanyşdyrýarlar.

"Geçen ýyl häkimiýetler ýanýodalaryň gyrasyndaky aryklara gum guýup çykdylar. Şäherde indi ýagyn suwlaryny akdyrmak üçin niýetlenen aryk ýok. Şeýle-de, ýerasty kanalizasiýa ulgamy hem ýok" diýip, ýagdaýdan habarly bir aşgabatly anonimlik şertinde beren maglumatynda aýtdy.

Aşgabat şäheri. 17-nji mart, 2020 ý.

Beýleki tarapdan, ýerli synçylaryň ençemesi güýçli ýagyndan soň suwuň ýygnanmagynyň esasy sebäpleriniň birini ýollaryň we binalaryň proýektirlenmegindäki we gurluşygyndaky näsazlyklar bilen baglanyşdyrýar.

"Prezidentiň geçýän şaýollarynda ýagyş ýa-da suw joşgunynyň öňüni almak üçin niýetlenen ýerasty tuneller bar, ýöne olaryň netijeliligi hem gümana. Sebäbi bu ýerlerde hem ýagyn suwlary üýşýär" diýip, aşgabatly ýaşaýjy belledi.

Degişli maglumat Harasat: Kiprde ýaşaýan türkmenler protest geçirdi, häkimiýetler telekeçilerden pul soraýar

Azatlyk bu ýagdaýlar barada Aşgabadyň şäher häkimliginden goşmaça maglumat almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 17-nji martda ýerli wagt bilen ikindine çenli telefon arkaly eden synanyşyklary netije bermedi.

Adatça bolşy ýaly döwlet media serişdelerinde hem, paýtagtda üç gün bäri ýagýan ýagyş we onuň netijeleri, şol sanda köçeleri ýagyn suwlarynyň basmagy we onuň ilata ýetirýän täsirleri barada aç-açan maglumat berilmeýär.

Bu aralykda, howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri 17-nji martda Köpetdagyň dag eteklerinde we daglyk ýerlerinde, Ahal we Lebap welaýatlarynyň käbir sebitlerinde, şol sanda Aşgabatda güýçli ýagşyň ýagmagyna garaşylýandygyny habar berýär.

16-njy martda çap edilen maglumatda munuň dag çeşmeleriniň we wagtlaýyn akymlaryň boýunda suw joşmalaryna sebäp bolup biljekdigi hem duýdurylýar.

​"Türkmen paýtagtynda 25-35 mm çenli ýagyş ýagyp biler. Bu aýlyk kadalara ýakyndyr. Soňky iki günde şäherde 26 mm ýagşyň eýýäm ýagandygyny bellemelidiris. Şeýlelik bilen, bu günlerde, umuman alanyňda, atmosfera ýagyşlarynyň aýlyk kadasyndan ep-esli köp mukdarda ýagyş ýagar. Aşgabatda şeýle güýçli ýagyş 2020-nji ýyldan bäri ilkinji gezek ýagýar" diýip, neşir belleýär.

Bu barada Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň resmi websaýtynda hiç zat aýdylmaýar.

Degişli maglumat Suw joşmasyndan zyýan çeken Niçkanyň ýaşaýjylaryna heniz-de ýardam iberilmeýär

Ýatlatsak, 2020-nji ýylda Türkmenistanyň dürli sebitlerinde güýçli ýagyşlaryň ýagmagy we munuň suw joşmasyna sebäp bolmagy bilen bagly tebigy hadysalaryň ençemesi ýüze çykypdy.

Bu aralykda, Özbegistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy "Uzgidromet" güýçli ýagyş sebäpli ýurduň daglyk ýerlerinde we dag eteklerinde palçykly akymlaryň howpy barada duýduryş berdi.

16-njy martda çap edilen duýduryşda dag eteklerinde we daglyk ýerlerde ýaşaýan raýatlardan, dynç alýanlardan we daglyk ýerlere gidýän sürüjilerden seresaplylyk çärelerini berjaý etmeklik haýyş edilýär.

Türkmen häkimiýetleri asuda ilaty gapyl basyp biljek tebigy hadyslar barada öňünden ýa soňundan habar bermekden adatça saklanýar.

Degişli maglumat Gökdepe şäherinde tupan zerarly bir adam heläk boldy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.