ABŞ türkmen häkimiýetlerini ODIHR-iň saýlawlar boýunça maslahatlaryny berjaý etmäge çagyrdy

Türkmenistanda geçirilen saýlawlaryň hiç haýsy abraýly synçylar tarapyndan erkin we adalatly saýlaw hökmünde ykrar edilmedi (arhiw suraty)

ABŞ Türkmenistanda 12-nji martda geçen irki prezidentlik saýlawlarynda Serdar Berdimuhamedowyň ýeňiji yglan edilmeginden soň, ýurduň saýlaw prosessi boýunça beýanat ýaýratdy.

Birleşen Ştatlar Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlary we Adam hukuklary boýunça edarasynyň (ODIHR) Türkmenistan boýunça ýakynda çykaran bahasynda görkezilen aladalar bilen ylalaşýandygyny mälim etdi. Bu barada Döwlet departamentiniň 15-nji martda ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

ODIHR-iň bahasynda Türkmenistanyň saýlaw prosessiniň azat, adalatly we bäsleşik esaslaryna gabat gelýändigini tassyklap bilmändigi bellenilýär.

Has ozal, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratiýa institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň Baha beriji topary 8-nji martda hasabat çap edip, gurama türkmen saýlawlaryna synçy ibermezligi maslahat berdi. Topar öz kararyny saýlawlara çenli bolan döwrüň çäkli bolmagy, Türkmenistana barandan soň 14 gün möhlet bilen talap edilýän COVID-19 karantin düzgünleri, galyberse-de, saýlawlarda syýasy plýuralizm we esasy adam hukuklaryny ösdürmek babatda edaranyň mundan ozal Türkmenistana beren maslahatlarynyň berjaý edilmezligi bilen esaslandyrdy.

Munuň bilen baglylykda, ABŞ Türkmenistanyň hökümetini saýlaw ulgamyny çykarylan bahada kesgitlenen standartlara gabat getirmek üçin ODIHR-iň rekommendasiýalaryny berjaý etmäge çagyrdy.

Beýanatda Birleşen Ştatlar bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň özygtyýarlylygyna, territorial bütewiligine, şeýle-de Merkezi Aziýa sebitindäki howpsuzlyk we abadançylyk boýunça umumy maksatlara esaslanýandygy hem nygtalýar.

“Biz Türkmenistanyň halkynyň syýasata gatnaşmagyny höweslendirmegi, raýat jemgyýetiniň roluny ösdürmegi we umumy bähbitlerimizi berkitmegi dowam etdireris” diýip, beýanatda bellenilýär.

Giň ýaýran saýlaw galplygy baradaky habarlaryň arasynda, 15-nji martda Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary irki prezident saýlawlarynda Serdar Berdimuhamedowyň 72,97 göterim ses alyp, ýeňiş gazanandygyny yglan etdi.

Türkmenistanyň garaşsyzlyk taryhynda geçirilen saýlawlaryň hiç haýsy abraýly synçylar tarapyndan erkin we adalatly saýlaw hökmünde ykrar edilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.