Moskwa-Aşgabat aralygynda göni uçar gatnawy dikeldilýär

Aşgabat aeroporty. 2019.

Moskwa-Aşgabat şäherleriniň aralygyndaky göni uçar gatnawlary 27-nji martdan başlap yzygiderli ýola goýlar diýip, hökümetçi “Orient” neşiri Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlary bileleşigine salgylanyp habar berýär.

Türkmenistan bilen bilelikde, Moskwa bilen arada uçar gatnawy dikeldilýän ýurtlaryň sanawyna jemi 15 ýurt - Türkiýe, BAE, Bahreýn, Katar, Marokko, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Ermenistan, Belarus, Täjigistan, Özbegistan, Hindistan we Şri-Lanka girizilipdir.

Türkmen mediasy beýleki ýurtlar bilen aradaky yzygiderli uçar gatnawlarynyň açyljak wagty barada habar bermeýär.

Daşary ýurtlarda, hususan-da Türkiýede galan türkmen migrantlary Aşgabadyň ýollary açmagyna, yzygiderli uçar gatnawyny dikeltmegine uzak wagt bäri garaşýarlar.