12-nji mart gijesinde ýaragly polisiýa Stambulda ýaşaýan türkmen aktiwisti Aziz Mämedowyň öýüne girdi. Adam hukuklaryny goraýjy "Türkmen Helsinki Fondunyň" habaryna görä, aktiwistiň öýüne geçirilen polisiýa reýdiň öňüsyrasynda näbelli adamlar girelgede gül we içine şübheli zatlar salynan sebet goýup gidipdir.
Stambulda ýaşaýan Aziz Mämedowyň gürrüň bermegine görä, aktiwist 11-nji martda ir sagat 10 töweregi öýüniň girelgesinde şübheli bir bukja tapypdyr. Mämmedow kwartiranyň gapysynyň öňünde goýlan ullakan sebediň içinde bägül we konwert tapdy. Konwerte onuň ady we protest hereketine gatnaşýan beýleki iki adamyň - Nurmuhammet Annaýewiň we Farhat Meýmanguliýewiň atlary ýazylypdyr.
Aziz Mämmedow hatyň türk dilinde ýazylandygyny Azatlyga gürrüň berdi. Hatda telekeçilik bilen meşgullanýan biriniň aktiwistleri goldamak niýeti mälim edilýär we “Telegram” ulgamy arkaly ýary gijeden soň habarlaşmak teklip edýär.
Degişli maglumat Stambulda türkmen aktiwistleri ýenjildiBu ýagdaýy ilkinji bolup, habar beren "Türkmen Helsinki Fondy", iki kompaniýasynyň Aşgabatda işleýändigi aýdylýan bir näbelli türk raýatynyň adyndan ýazylan hatyň awtorynyň türkmen režimini tankytlaýanlara maddy we ahlak taýdan goldaw bermek isleýändigini aýdandygyny we gijäniň ýaryndan soň 01:30 töwereginde WhatsApp arkaly aragatnaşyk guramak üçin nomerini berendigini ýazdy.
Aktiwist näbelli tarapyndan ugradylan bukjanyň içindäki zatlary gözden geçirende sebediň aşagynda 150 çemesi gram çal reňkli poroşokly haltajyk, başga bir haltada metal şarlar, bir çüýşe ýagly suwuklyk, gyzyl simlerden iki rulon we Samsung telefon batareýasy tapylypdyr bu zatlar şübhelenme döredipdir. Aktiwist tapan zatlaryny wideoýazga aldy we bu wakany Polşada ýerleşýän Annaýewe we adam hukuklaryny goraýjylara habar beripdir. Şondan soň “sowgat” ýok edildi, poroşok hajathana guýuldy, galanlar wideoýazga düşürilenden soň howluda ýakyldy diýlip, maglumatda aýdylýar.
"Türkmen Helsinki Fondunyň" belleýşi ýaly, aktiwistleriň howatyrlanmasy boş ýere bolmandyr. Sagat 00: 14-de kaskaly we awtomat ýaragly 4 adamdan ybarat polisiýa işgärleriniň topary Mämedowyň ýaşaýan jaýyna barypdyr. Aktiwisti jaýyndan çykaryp, telefonyny barlapdyr. Aktiwist polisiýa bolan wakalar barada gürrüň beripdir. Şeýle-de, ol özüne gowşan hatda görkezilen belgä görkezilen wagtynda jaň etmekçi bolupdyr, emma polisiýanyň eden sapary muňa mümkinçilik bermändir.
Degişli maglumat Çeşmeler: Stambulda aktiwistleri ýenjenler Türkmenistanyň MHM işgärleriTürkiýede ýaşaýan türkmen aktiwistleri yzygiderli basyşlara sezewar edilýär. Güýzde aktiwistlere basyş artdy. Stambulda onlarça aktiwist polisiýa çagyryldy, birnäçe adam deportasiýa merkezine ýerleşdirildi we soň tussag edilmegine esasyň ýoklugy sebäpli boşadyldy.
Azatlygyň ozal habar berşi ýaly şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Stambulda näbelli bäş adam, üç sany türkmen aktiwistini, şol sanda Aziz Mämedowy we Nurmuhamed Annaýewi ýençdi. Azatlyk Radiosy aktiwistlere hüjüm eden adamlaryň Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri bolandygyny anyklady. Hüjümde Aziz Mämedowyň gözüne we burnuna şikes ýetdi.
Aziz Mämedow özüne fiziki zorluk görkezmek ýaly haýbatlaryň atylýandygyny we başga-da dürli gorkuzma usullarynyň görkezilýändigini habar berdi.
"Çarşenbe güni gapymyň aşagynda ölen pişigiň maslygy zyňyldy. Onuň gapdalynda: ' Näme edýändigiňi bil, bir zat etmezden ozal pikirlen, bolmasa seni öldüreris' diýen ýazgy bardy" diýip, Mämedow 12-nji martda Azatlyga gürrüň berdi.
"Türkmen Helsinki Fondy" türkmen aktiwistlerine salgylanyp, prowokasiýanyň, oppozisiýanyň sahna diýip atlandyrýan 12-nji mart prezident saýlawlary bilen baglanyşykly bolup biljekdigini belleýär.
Türkiýedäki türkmen aktiwistleri soňky iki ýylda Türkmenistanyň awtoritar hökümetine garşy yzygiderli çykyş edýärler. Bu, Türkmenistandaky ýagdaýa halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýär we türkmen häkimiýetlerinde nägilelik döredýär.
Degişli maglumat Adam hukuklaryny goraýjy 33 gurama Türkiýeden türkmen aktiwistleriniň yzarlanmagynyň öňüni almagy talap edýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.