Türkmenistanda 12-nji martda irki prezident saýlawy geçirilýär, bu göçüm umuman iş başyndaky awtokrat prezident Gurbanguly Berdihamedowyň syýasy häkimiýeti öz ogly Serdara geçirmek üçin gurnan resmi çäresi hasaplanýar.
Resmi maglumata görä, sagat 15-е çenli saýlawçylaryň 86,34% ses berdi.
Has takygy, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 87,22%, Balkan welaýatynda 89,71%, Daşoguz welaýatynda 85,15%, Lebap welaýatynda 85,39%, Mary welaýatynda 86,70%, Aşgabat şäherinde 86,76% ses berdiler.
Şeýle hem, daşary ýurtdaky saýlaw uçastoklarynda 74,16% saýlawçylar ses berdi diýip, Merkezi saýlaw topary habar berýär.
Saýlawda 40 ýaşly Serdar Berdimuhamedow bilen birlikde ýene sekiz kandidat döwletiň iň uly wezipesi üçin bäsleşige gatnaşýar. Emma ol dalaşgärleriň ählisi prezidente ygrarly adamlar hökmünde tanalýar we hakyky bäsdeş hasaplanmaýar.
Iş başyndaky prezident, häkimiýet başynda bolmagynyň 15 ýyllygyny bellän G.Berdimuhamedow biraz öň pygamber ýaşyny ýaşandygyna salgylanyp, 11-nji fewralda mejlisiň ýokarky palatasyna häkimiýetiň “ýaş ýolbaşçylara” berilmegini golaýdandygyny we özüniň prezidentlikden çekiljekdigini aýdanyndan soň, irki prezident saýlawlaryna taýýarlyk görülmegini tabşyrdy.
Degişli maglumat Saýlawlaryň öňüsyrasynda Aşgabatda howpsuzlyk güýçlendirilýär, käbir bazarlar ýapylýarSynçylaryň köpüsi muny onuň häkimiýeti sentýabr aýynda 40 ýaşyny dolduran ogluna geçirmäge gören taýýarlygynyň görkezijisi hasaplady we şol günüň ertesi ýurduň hiç bir erk-ygtyýarsyz parlamenti irki ses berişligiň gününi kesgitledi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, prezident bolmak üçin talap edilýän iň pes ýaş dalaşgäriň 40 ýaşamagy bolup durýar we, Serdar Berdimuhamedow 15-nji fewralda Türkmenistanyň dolandyryjy Demokratik partiýasynyň hödürlän dalaşgäri hökmünde resmi taýdan hasaba alyndy.
Türkmenistanda 1991-nji ýylda garaşsyz ýurt bolany bäri geçirilen saýlawlaryň hiç biri hukuk toparlary we günbatar saýlaw gözegçileri tarapyndan hiç wagt azat we adalatly diýlip atlandyrylmady.
Şu aralykda Aşgabatdan gelen maglumata görä, saýlaw uçastogyna pasportsyz baran saýlawçy özüne saýlaw býulleteniniň berlendigini we saýlaw toparynyň agzasynyň kime ses bermelidigini elin görkezendigini gürrüň berdi.
“Saýlaw uçastogyna bilgeşlin pasportsyz bardym, saýlaw resmisi maňa ‘pasport hökman däl’ diýdi we býulleten berip, Serdar Berdimuhamedow diýlip ýazylan ýere bellik goýmalydygyny aýtdy. Men diýlenini edip, býulleteni saýlaw gutusyna taşladym” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.
Çeşmämiziň aýtmagyna görä, pasportsyz barsa-da, onuň ses bermelidigini aýdypdylar.
Mundan başga, Ahal sebitiniň Gökdepe, Akbugdaý, Kaka etraplaryndaky saýlaw uçastoklarynda saýlaw resmileriniň sagat 13-den soň uçastoklary ýapyp, býulletenleri özleriniň doldurýandygy hakynda hem anyk maglumatlar bar diýip, habarçymyz aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.