Saýlawlara taýýarlyk: Maryda ilatyň gijeki hereketi çäklendirilýär, dükanlar we kafeler 8-de ýapylýar
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Şu günler Mary welaýatynyň Mary, Baýramaly we Ýolöten şäherlerinde agşam sagat 8-den soňra ähli dükanlar ýapylýar. Şeýle-de, şondan soň kafeleriň we restoranlaryň işlemegine hem rugsat berilmeýär. Agşam gün ýaşandan soňra, polisiýa köçelerdäki adamlary öýlerine kowmak çärelerini geçirýär. Bu başagaýlyklaryň we çäklendirmeleriň ählisi Türkmenistanda 12-nji martda geçiriljek irki prezidentlik saýlawlary bilen baglylykdaky alnyp barylýan taýýarlyk işleriniň bir bölegidir.