Häkimiýetler howpsuzlyk çärelerini güýçlendirýär, saýlaw uçastoklarynda metal detektorlar oturdylýar

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň häkimiýetleri irki prezident saýlawlarynyň geçirilişine gözegçiligi güýçlendirýär. Munuň bilen baglylykda, saýlaw uçastoklarynyň girelgelerinde metal gözleýji enjamlar we saýlaw gutularynyň ýerleşýän ýerinde wideo gözegçilik kameralary ýerleşdirilýär. Häkimiýetler bu çäreleri belli bir derejede mekdep okuwçylarynyň hasabyna amal edýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtdan habar berýär.

Onuň sözlerine görä, metal detektorlar, ýagny metal gözleýji enjamlar saýlaw uçastoklary döredilen mekdepleriň tas ählisinde oturdyldy. Bu mekdepleriň arasynda şäheriň 15-nji, 42-nji, şeýle-de medeniýet we sungat mekdepleri bar. Şeýle enjamlar Aşgabat şäher alyjylar jemgyýetiniň binasynda döredilen saýlaw uçastogynda hem oturdyldy.

"Metal gözleýji enjamlar 9-njy martda oturdyldy, ýöne entek işe girizilmedi" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz aýtdy.

Degişli maglumat Prezident saýlawlary: Ses berişlik tamamlandy, mümkin bidüzgünçilikler barada maglumat gowuşýar

Habarçymyzyň sözlerine görä, mundan ozalky ýyllarda şeýle enjamlar oturdylmaýardy. Bular ýaly detektorlar diňe prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň býujet işgärleri bilen duşuşjak ýerlerinde, aýlawda, konferensiýalaryň we ýygnaklaryň geçiriljek binasynda ýerleşdirilýärdi.

Bu enjamlaryň ýerleşdirilmegini guramalaşdyrýan resmiler olaryň oturdylmagynyň sebäplerini aç-açan düşündirmeýärler. Ýöne kanun goraýjy edaralardaky çeşmämiziň habarçymyza aýtmagyna görä, prezident saýlawlary geçýänçä, ýurtda ýokary hüşgärlik derejesinde bolmak barada dilden tabşyryk berildi.

"Häkimiýetler prezident saýlawlarynyň netijelerini galplaşdyrmak bilen, nägilelikleriň döremeginden, terrorçylyk hereketleriniň bolmagyndan alada edýär" diýip, çeşmämiz belledi.

Howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmeginiň arasynda, saýlaw gutularynyň ýerleşýän ýerinde wideo gözegçilik kameralary hem ýerleşdirilýär. Bu kameralary satyn almak üçin mekdep okuwçylaryndan 20 manat pul ýygnalýar.

"Pul ýygnamak gürrüňi gutarmaýar. Häkimiýetler howpsuzlygy okuwçylaryň maliýe serişdesiniň hasabyna güýçlendirýär" diýip, aşgabatly ene-atalaryň biri anonimlik şertinde 9-njy martda gürrüň berdi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada ýurtda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topardan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Degişli maglumat Saýlawlara taýýarlyk: Maryda ilatyň gijeki hereketi çäklendirilýär, dükanlar we kafeler agşam 8-de ýapylýar

Türkmenistanda 12-nji martda saýlawlaryň geçiriljekdigi barada 12-nji fewralda yglan edildi. Köpler üçin garaşylmadyk ýagdaýda yglan edilen saýlawlarda prezident Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedow we ýurduň islendik pudagynda ozal ady kän eşidilmedik sekiz kandidat dalaş edýär.

Ýerli we halkara synçylar Türkmenistanda hakyky köppartiýalylyk ulgamynyň ýokdugyny we hiç haçan halkara ülňülere gabat gelýän saýlaw geçirilmändigini aýdyp, türkmen saýlawlaryna atadan ogla geçirmek synanyşygy hökmünde syn berýärler.

Resmi maglumatlara görä, ýurtda jemi 2 müň 618 saýlaw uçastogy esaslandyrylypdyr, şeýle-de ses berişlige gözegçilik etmek üçin milli synçylaryň 2 müň 726 sanysy hasaba alnypdyr.

17-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ÝHHG bilen ýetip gelýän prezidentlik saýlawlaryna görülýän taýýarlygy maslahatlaşandygy habar berilse-de, ses berişlige halkara synçylarynyň gözegçilik etjekdigi ýa etmejekdigi barada häzirlikçe hiç zat aýdylmaýar.

Häkimiýetler saýlawlar bilen baglylykdaky alnyp barylýan taýýarlyk işleriniň çäginde gözegçiligi güýçlendirmek çärelerine fewralyň üçünji ongünlüginde girişdiler. Bu çäreleriň çäginde ilatyň gijeki hereketi çäklendirildi, dükanlar, kafeler, restoranlar agşam sagat 8-de ýapylmaly edildi. Aşgabadyň polisiýasy eklenç gözleginde zir-zibil gutularyny dörmäge ýa-da plastik çüýşelerini toplamaga mejbur bolýan ýaşaýjylary hem saklaýar. Şeýle-de, türkmen howpsuzlyk gulluklary “ygtybarsyz” diýip hasaplaýan raýatlara garşy basyşlaryny güýçlendirip, häzire çenli 200-den gowrak adamy tussag etdiler.

Degişli maglumat Häkimiýetler saýlawlarda kiçi Berdimuhamedowa ‘ses bermelidigini duýdurýarlar’

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.