Moskwa 9-njy martda Kiýewden we beýleki dört şäherden gaçýan adamlara ýene bir gün ynsanperwerlik koridorlaryny açandygyny aýtdy. 8-nji martda açylan ynsanperwerlik koridorlary arkaly ýurduň weýran edilen şäherlerinden gaçmaga çalyşýan adamlaryň müňlerçesi, rus bombalamalarynyň dowam etmegi we käbir ugurlaryň ýapylmagy netijesinde, howpsuz ýerlere geçip bilmedi.
Russiýanyň Milli Goranmak gözegçiligi merkeziniň başlygy Mihail Mizintsew, TASS habar gullugynyň maglumatyna görä, rus güýçleriniň 9-njy martda irden sagat 10-da (Kiýew wagty bilen sagat 9:00) atşygy togtatjakdygyny aýtdy.
Atyşygyň togtadylmagy Kiýew, Çernihiw, Sumy, Harkow we gabawdaky Mariupol şäherlerinden gitmek isleýän raýatlar üçin howpsuz geçelgeleri üpjün etmeli.
Ukrainanyň premýer-ministriniň orunbasary Iryna Wereşçuk Kiýewiň, şol sanda Mariupoldan, asuda adamlary alty sany gumanitar koridor arkaly ewakuasiýa etmäge synanyşjakdygyny aýtdy.
Ol özüniň wideo beýanatynda ukrain ýaragly güýçleriniň ir sagat 9-dan agşam sagat 9-a çenli şol ýerlere ok atmagy bes etmäge razy bolandyklaryny aýtdy we rus güýçlerini şol ýerlerde atyşygy kesmek barada alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge çagyrdy.
Wereşçuk açyljak koridorlaryň Mariupoldan Zaporižiýa; Zaporižiýadan Enerhodara; Sumydan Poltawa; Izýumdan Lozowa; Wolnowakadan Pokrowskä; Kiýewiň töweregindäki birnäçe şäherden, Worzelden, Borodýankadan, Buçadan, Irpinden we Hostomelden paýtagta tarap uzajakdygyny aýtdy.
Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, Russiýanyň iň güýçli topa tutmalaryna sezewar bolan Irpinden 3000 töweregi adam eýýäm ewakuasiýa edildi.
"Men Russiýa Federasiýasyna ýüz tutýaryn: Siz ir sagat 9-dan agşam sagat 9-a çenli ot açmagy bes etmek barada resmi jemgyýetçilik borçnamalaryny aldyňyz. Siziň öz boýun alan borçnamaňyzy ýerine ýetirmezligiňiz netijesinde, bizde ters tejribe bar” diýip, Wereşçuk aýtdy.
Russiýa bilen serhet ýakasynda ýerleşýän Sumy şäheriniň häkimi Oleksandr Lysenko telewideniýede berlen beýanatynda hususy awtoulagly raýatlaryň 9-njy martda şäherden çykmaga başlandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, bir gün öň Poltawa tarap açylan koridor arkaly 5000 töweregi adam howpsuz ýere çykmagy başardy.
Emma Mariupoldan çykmakçy bolan adamlaryň müňlerçesi, ýoly petiklenip, şäherden çykyp bilmän galdy. Ukrain hökümeti Russiýany bu sebitdäki çykyş ýollaryny topa tutmakda günäkärledi.
Mariupol iki hepde dowam edýän urşuň iň umytsyz sahnalarynyň biri boldy, bu ýerde suw, ýylylyk ýok, sanitariýa ulgamy ýa-da telefon birnäçe gün bäri işlemeýär. Takmynan 200,000 adam – şäheriň 430,000 ilatynyň ýarysyna golaýy şäherden gaçmaga umyt baglaýar.
Halkara Gyzyl haç komitetiniň başlygy 9-njy martda bu koridorlaryň netijeli boljakdygyna umyt bildirdi.
HGHK-nyň prezidenti Piter Maurer Germaniýanyň “Doýçlandfunk” radiosyna öz guramasynyň söweşýän taraplar bilen gürleşip, iki tarapyň harbylarynyň özara ylalaşyga gelmekleri we parahat ilatyň gaçmagyna mümkinçilik döretmekleri üçin birnäçe günden bäri işleýändigini aýtdy.
Rus hüjümi başlanaly bäri Ukrainadan gaçýan adamlaryň sany köpelýär; BMG-niň Bosgunlar gullugynyň başlygy, hasaplamalara görä, 9-njy martda bu görkezijiniň 2,1-2,2 million adama ýetendigini aýdýar.
BMG-niň bosgunlar boýunça ýokary komissary Filippo Grandi Stokgolma saparynyň dowamynda beren metbugat ýygnagynda häzir bosgunlaryň ýurtlaryň arasyndaky bölünişigini ara alyp maslahatlaşman, olara “serhetde kömek bermäge synanyşylsa has gowy bolar” diýdi.
Grandi ÝB-ne agza bolmadyk Moldowanyň häzirki ýagdaýda has gowuşgynsyz hala düşendigini aýtdy.
Şu aralykda prezident Wolodymyr Zelenski, 9-njy martda eden wideo ýüzlenmesinde Orsýetiň 14 gün ozal başlan çozuşyny güýçlendirýän wagtynda dünýä jemgyýetçiligi gyradan seredip oturyp bilmez diýip, ýene bir gezek uçuş gadaganlygy zonasyny girizmäge çagyrdy.
Ol, eger-de Ukrainany goramak üçin uçuş gadaganlygy zonasy yglan edilmese, köpçülikleýin gumanitar betbagtçylyga halkara jemgyýetçiliginiň jogapkär boljakdygyny aýtdy.
"Russiýa bize, asuda ilata, biziň şäherlerimize we infrastrukturamyza garşy raketalary, uçarlary we dikuçarlary ulanýar. Muňa gaýtawul bermek dünýäniň gumanitar borjy" diýip, Zelenski aýtdy.
NATO Russiýa bilen göni gapma-garşylygyň has uly urşa getirip biljekdigini aýdyp, howa gadaganlygy zolagyny döretmek pikirine razy bolmady.
Şeýle-de, Zelenski günbatar güýçlerini öz ýurduny Russiýada öndürilen MiG-29 söweş uçarlary bilen üpjün etmek barada edilen polýak teklibi babatdaky meseläni gyssagly çözmäge çagyrdy. Bu söweş uçarlary ukrain uçarmanlarynyň nähili ulanmalydygyny gowy bilýän uçarlary bolup durýar.
Emma Waşington 8-nji martda Polşanyň Germaniýanyň Ramşteýn şäherindäki ABŞ howa bazasynyň üsti bilen sowet döwrüniň MiG-29 söweş uçarlaryny Ukraina ibermek baradaky teklibini ret etdi. Waşington bu hili göçümiň konfliktiň has ýitileşmegine alyp gelmeginden ätiýaç edýändigini aýtdy.