Şu günler Mary welaýatynyň Mary, Baýramaly we Ýolöten şäherlerinde agşam sagat 8-den soňra ähli dükanlar ýapylýar. Şeýle-de, şondan soň kafeleriň we restoranlaryň işlemegine hem rugsat berilmeýär. Agşam gün ýaşandan soňra, polisiýa köçelerdäki adamlary öýlerine kowmak çärelerini geçirýär. Bu başagaýlyklaryň we çäklendirmeleriň ählisi Türkmenistanda 12-nji martda geçiriljek irki prezidentlik saýlawlary bilen baglylykdaky alnyp barylýan taýýarlyk işleriniň bir bölegidir.
Bu ýagdaýlar barada sebitden maglumat berýän habarçymyzyň sözlerine görä, şu günler agzalan şäherleriň köçelerinde polisiýanyň gözegçiligi güýçlendirildi. Mundan ozal köçelere iki-üç polisiýa işgärleri gözegçilik eden bolsa, häzir olaryň sany 10-a ýetýär.
"Agşam sagat 11-den soň köçede ýöräp barýan adamlar ýa-da köçeleriň gyralarynda, ýaşaýyş jaýlarynyň aralarynda üç-dört adam bolup, gürleşip duran ýa oturan raýatlar polisiýa bölümlerine alnyp gidilýär we şol ýerde soraga çekilýär. Polisiýa işgärleri olardan niräniň ýaşaýjysydygyny, nireden gelip nirä barýandygyny, ozal sud edilendigini ýa edilmändigini, näçe çagasynyň bardygyny soraýar" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz 9-njy martda gürrüň berdi.
Degişli maglumat Saýlawlara taýýarlyk polisiýanyň “arassalaýyş” kampaniýasy bilen dowam etdirilýärOnuň sözlerine görä, polisiýa işgärleri soraglara berlen jogaplary bellige alyp, raýatlary surata düşürýärler. Ýöne olar bu çäreleriň sebäpleri barada aç-açan düşündiriş bermeýärler.
Habarçymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan polisiýa işgärleriniň birnäçesi bu çäreleri "saýlawlar döwründe we onuň öň hem-de yz ýanynda ilatyň arasynda döräýmegi mümkin nägilelikleriň öňüni almak tagallalary" diýip düşündirýär.
"Bize saýlaw geçip, Serdar Berdimuhamedow prezidentlige bellenýänçä, gaty berk durmagy, adamlaryň arasynda nägilelik döredip biläýjek raýatlary anyklap, wagtlaýyn tussaglykda saklamagy tabşyrdylar" diýip, bir polisiýa işgäri gürrüň berdi.
Ol "gözegçiligi güýçlendirmek we howpsuzlygy ýokarlandyrmak" çärelerine kanun goraýjy edaralaryň ähli işgärleriniň gatnaşdyrylýandygyny hem sözüne goşdy.
Saýlawlarda ýurduň syýasy durmuşynda tanalmaýan sekiz dalaşgär we prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly, wise-premýer S.Berdimuhamedow prezidentlik wezipesi ugrunda bäsleşer.
Ýerli we halkara synçylar Türkmenistanda hakyky köppartiýalylyk ulgamynyň ýokdugyny we hiç haçan halkara ülňülere gabat gelýän saýlaw geçirilmändigini aýdyp, onda S.Berdimuhamedowyň "ýeňiş gazanmagyna garaşýarlar". Köp türkmenistanly bu saýlawlary "Serdaryň saýlawy" atlandyrýar.
Degişli maglumat Prezidentlik saýlawlarynyň öň ýanynda 200-den gowrak adam tussag edildiTürkmen häkimiýetleri saýlawlaryň öňüsyrasynda gözegçiligi güýçlendirmek çärelerine fewralyň üçünji ongünlüginde başlady. Bu çäreleriň çäginde türkmen howpsuzlyk gulluklary “ygtybarsyz” diýip hasaplaýan raýatlara garşy basyşlaryny güýçlendirip, häzire çenli 200-den gowrak adamy tussag etdiler.
Häkimiýetler ýurtda geçirilýän uly baýramçylyklaryň we syýasy wakalaryň öňüsyrasynda, ten söwdasy bilen meşgullanýanlara, zähmet-düzediş dispanserlerinde alkogolizme garşy bejergi alan adamlara we ozal kazyýet jogapkärçiligine çekilen raýatlara gözegçiligi güýçlendirýär. Olar muny "asudalygy saklamak, howpsuzlygy ýokarlandyrmak çäreleri" diýip düşündirýärler.
Azatlyk saýlawlaryň öňüsyrasynda alnyp barylýan bu çäreler barada ýurduň Içeri işler ministrliginden we Marynyň polisiýa müdirliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.
Bu aralykda, Marydaky habarçylarymyz bilen söhbetdeş bolýan ýerli ýaşaýjylaryň onlarçasy saýlawlar bilen gyzyklanmaýandyklaryny aýdyp, özlerine "gündelik iýjek çöreginiň gaýgydygyny" belleýär.
"Adamlary beýdip öýlerinden çykarman, gorkuzyp saklap, özlerine bolan ýigrenji artdyrýarlar. Halky öýlerinden çykarman oturdany bilen, olaryň hal-ýagdaýy gowulaşmaýar. Çaltrak saýlawlar geçip dynsa, bizem rahatlarys" diýip, maryly ýaşaýjylaryň biri anonimlik şertinde aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.