Öý hojalykçy zenanlar özleriniň ýene ala tutulandygyny we hökümetden göwünleriniň galandygyny aýdýar

Illýustrasiýa suraty

8-nji martda dünýäniň ençeme ýurdunda, şol sanda Türkmenistanda Halkara zenanlar güni bellenilýär. Bu gün mynasybetli 1-6-njy mart aralygynda Türkmenistanda aýal-gyzlara prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan 60 manat möçberinde pul sowgatlary gowşuryldy. Ýöne bu ýyl hem öý hojalykçy aýal-gyzlar prezidentiň sowgadyndan mahrum galdylar.

Döwlet metbugatynyň habaryna görä, bu pul sowgady “pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, ýokary okuw jaýlarynyň gelin-gyzlaryna, mekdeplerde okaýan we çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzlara” gowşuryldy.

Bu sowgat, öňki ýyllaryň tejribelerine laýyklykda, öý hojalykçy aýal-gyzlara, mekdepde okamaýan, çagalar bagyna gatnamaýan gyzlara, şeýle-de hususy kärhanalarda işleýän zenanlara berilmedi.

Degişli maglumat Türkmenistanda “Ene mähri” diýen hormatly ady kimler alyp bilýär?

Türkmenistanda dollaryň iki bahasy bolup, sowgat berlen 60 manat döwlet kursunda 17 dollardan gowrak, gara bazar bahasynda 3,5 dollara golaý serişde bolýar.

Döwlet baştutany Berdimuhamedowyň Halkara zenanlar güni mynasybetli zenanlara iberen gutlagynda ýurtda gelin-gyzlaryň bilim almagy, hünär öwrenmegi, işlemegi, ylym bilen meşgullanmagy we eşretli durmuşda ýaşamagy üçin döwlet tarapyndan ähli hukuklaryň hem-de goldawlaryň berilýändigi we mümkinçilikleriň döredilýändigi aýdylýar.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan öý hojalykçy gelin-gyzlar özleriniň ýene ala tutulandygyny aýdyp, hökümetden göwünleriniň galandygyny aýdýarlar.

"Biz bu ýurduň gelin-gyzlarynyň hataryna goşulmaýarys. Işlemeseň ýurduň öňünde gadyryň bolmaýar. Biziň bir kiçijek göwnümiz bar, bizem ýatlanyp geçsek begenerdik. Bizem şu ýurtda ýaşaýarys we şu ýurduň zenanlarydyrys. Biz işlemesek-de, çagalarymyzy terbiýeleýäris. Biziň hem ýurda goşandymyz bar" diýip, sowgatsyz galan maryly zenanlaryň ençemesi anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky işsizligiň derejesi we onuň näçe göterimini aýal-gyzlaryň emele getirýändigi barada takyk statistiki maglumatlary köpçülige ýetirmeýär. Ýöne ýerli synçylar we hökümet edaralaryndaky çeşmelerimiz ýurtdaky işsizleriň uly bölegini aýal-gyzlaryň düzýändigini aýdýarlar.

Degişli maglumat Öý hojalykçy aýallar prezidentiň 8-nji mart sowgadyndan mahrum galýar

Şeýle-de, habarçylarymyz ykdysady kynçylyklaryň ýitileşmeginiň fonunda, güzeran eklenji kynlaşan köp maşgalanyň gyzlaryna 8-nji mart baýramy mynasybetli berlen pul sowgadynyň hasabyna azyk almaga synanyşýandygyny görse bolýandygyny hem habar berýärler.

Mundan başga-da, 7-nji martda prezident sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen enelere täze gurlan döwrebap öýleri sowgat bermek barada karara gelendigini habar berdi. Ýöne resmi metbugat döwlet baştutanynyň bu kararynyň jikme-jikliklerini aýdyňlaşdyrmady. Prezident şol güni köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana hem gol çekdi.

Habarçylarymyz we türkmenistanlylaryň ençemesi bu sowgatlary almak üçin raýatlaryň 4 müňden 45 müň manada çenli para bermeli bolýandygyny habar berdiler.

Olaryň sözlerine görä, ýurtda köp çagaly enelere baýrak gowşurmak üçin Halkara zenanlar gününiň öňýany ýörite sanawlar düzülýär.

"4 müň manat para beren aýallara telewizor gowşurylýar, şeýle-de olar medal bilen sylaglanýar, has köp mukdarda para beren adamlara “30 ýyl möhlet bilen jaý” we medal gowşurylýar, şeýle-de olar döwlet telewideniýesinde görkezilýär" diýip, habarçymyza geçen ýylyň martynda habar beripdi.

Azatlygyň bu aýdylanlar barada türkmen häkimiýetlerinden, şol sanda Mary welaýat häkimliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak synanyşyklary jogapsyz galýar.

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara pul sowgadyny gowşurmak tejribesi ýurduň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň döwründe girizildi we häzirki prezident hem bu "däbi" dowam etdirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.