Balkan welaýatynyň häkimiýetleri Türkmenbaşy şäherinde täze gurlan köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna giň gerimli taýýarlyk görýär. Munuň bilen bagly geçiriljek köpçülikleýin çärelere gatnaşjak adamlar häzirden karantine alyndy. Hassahananyň çäginde giň gerimli arassaçylyk işleri geçirilýär. Bu başagaýlyklaryň ählisi prezidentlige dalaşgär Serdar Berdimuhamedowyň saýlawlardan soň, "prezident hökmünde sebite amala aşyrjak ilkinji döwlet saparyna" görülýän taýýarlyklaryň diňe bir bölegidir.
Bu ýagdaýlar barada habar berýän Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri 15-nji martda "täze prezidentiň", Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna sapar etmegine garaşylýandygyny aýdýarlar.
Onuň bu saparynyň çäginde Türkmenbaşydaky täze köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, onuň işine badalga berjekdigi aýdylýar.
"Çärä welaýatyň çägindäki býujet, şol sanda saglyk işgärlerinden başga ýaşulular we çagalar hem gatnaşdyrylýar. Şeýle-de, bu çärä ýurduň beýleki welaýatlaryndan myhmanlar çagyryldy. Olaryň ählisi karantine alyndy" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz 7-nji martda gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, köpçülikleýin çäreleriň "Ruhyýet" köşgüniň we hassahananyň öňünde geçirilmegine garaşylýar. Şeýle-de, S.Berdimuhamedowyň kakasy, häzirki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düşen suratlary şäheriň dürli künjeginde asylýar.
Degişli maglumat Balkanda we Lebapda Serdar Berdimuhamedowyň wagzy başlandyHabarçymyz bu hassahananyň gurluşynyň tamamlanandygyny, häzirki wagt onuň içinde we töwereginde arassaçylyk hem-de peýzaž işleriniň dowam edýändigini habar berýär.
"Täze ýolbaşçyny täzeçe garşy almak meýilleşdirilýär" diýip, çeşmämiz sözüni jemledi.
Bellesek, Türkmenistanyň häkimiýetleri we döwlet media serişdeleri ýurt ýolbaşçylarynyň we resmileriniň ýurduň sebitlerine etjek saparlary barada öňünden hiç hili habar bermeýärler. Şol sebäpli ýurt resmileriniň sebitlere planlaşdyrýan saparlarynyň amala aşjakdygy ýa aşmajakdygy soňky pursada çenli nämälim bolup galýar.
Türkmenistanda 12-nji martda saýlawlaryň geçiriljekdigi barada 12-nji fewralda yglan edildi. Köpler üçin garaşylmadyk ýagdaýda yglan edilen saýlawlarda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedow we ýurduň islendik pudagynda ozal ady kän eşidilmedik sekiz kandidat dalaş edýär.
Ýurduň resmi we ýarym resmi metbugat serişdelerinde dalaşgärleriň sebitlere eden saparlary we saýlawçylar bilen duşuşyklary barada çäkli möçberde habar berilýär. Olarda gürrüňi edilen meseleler, şol sanda saýlawçylaryň nähili soraglary berendigi barada jikme-jik maglumat berilmeýär. Şeýle-de, bu duşuşyklar barada ilat köpçüligi soňundan bilip galýar.
Galyberse-de, dalaşgärleriň saýlaw kampaniýalary, şol sanda olaryň güntertipleri, meýilnamalary we maksatnamalary barada hem hiç zat aýdylmaýar.
Degişli maglumat Saýlaw uçastoklarynda kandidatlaryň ýekelikdäki suratlary aýrylýarHatda prezidentlige öz dalaşgärlerini hödürlän ýurduň Agrar partiýasynyň we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi websaýtlarynda hem ne öz kandidatlary, ne olaryň saýlaw kampaniýalary barada kelam agyz söz aýdylýar.
Şol bir wagtda, habarçylarymyz S.Berdimuhamedowyň öz saýlaw kampaniýasynyň çäginde sebitlere eden saparlaryna giň gerimli taýýarlyk görlendigini, arassaçylyk işleriniň geçirilip, köçeleriň ýapylandygyny habar berdiler.
Ýerli we halkara synçylar Türkmenistanda hakyky köppartiýalylyk ulgamynyň ýokdugyny we hiç haçan halkara ülňülere gabat gelýän saýlaw geçirilmändigini aýdyp, onda S.Berdimuhamedowyň "ýeňiş gazanmagyna garaşýarlar". Köp türkmenistanly bu saýlawlary "Serdaryň saýlawy" atlandyrýar.
Bu aralykda, Türkiýedäki türkmen raýatlarynyň we studentleriň ençemesi geçen hepde türk ýokary okuw jaýlarynyň birnäçesinde saýlaw uçatoklarynyň döredilendigini we türkmenistanlylaryň ses berip başlandygyny habar berýärler.
"Biziň ýokary okuw jaýymyzda saýlaw uçastogyny geçen dördünji güni döretdiler. Umuman 700-e ýakyn türkmen studentiniň bu uçastokda ses bermegine garaşylýardy. Ýöne bu ýere gelen ilçihana resmileriniň näresmi beren maglumatlaryna görä, ses bermäge diňe 49 student gelipdir. Bäşinji güni ilçihananyň resmileri saýlaw gutularyny alyp gitdiler" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran türkmenistanly studentleriň biri aýtdy.
Degişli maglumat Prezident saýlawlary: Ses berişlik tamamlandy, mümkin bidüzgünçilikler barada maglumat gowuşýarAzatlykda saýlaw uçastoklarynyň Türkiýäniň haýsy ýokary okuw jaýlarynda döredilendigi barada doly maglumat bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.
Türkiýedäki beýleki bir çeşmämiz Stambuldaky türkmen konsulhanasynda hem saýlaw uçastogynyň döredilendigini we bu ýerde türkmenistanlylaryň ses berip başlandygyny habar berýär.
"Saýlaw gutusyna seredeniňde, 300-den 500-e çenli adamyň ses berendigini çaklasa bolýar. Ses bermek üçin nobatynyň ýetmegine garaşýan adamlaryň sany 20-den geçýärdi. Nobata duran adamlar özaralaryndaky gürrüňdeşlikde öz welaýatlaryndan çykan dalaşgäre ses berjekdiklerini aýtdylar" diýip, ses bermek üçin 7-nji martda Stambuldaky türkmen konsulhanasyna baran türkmen raýaty şaýat bolan ýagdaýlaryny gürrüň berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.