Ukraina urşunyň fonunda Şwesiýa, Finlýandiýa premýerleri has giň howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny nazarlaýar

Finlýandiýanyň premýer-ministr Sanna Marin (sagda) we onuň şwed kärdeşi Magdalena Andersson.

Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň premýer-ministrleri 5-nji martda Helsinkide geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda iki ýurduň arasyndaky howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny mundan-da beýläk giňeltjekdiklerini aýtdylar. Russiýa geçen aý Ukraina garşy giň gerimli çozuşa girişeli bäri NATO agzasy bolmadyk bu iki ýurduň arasynda diplomatik işjeňlik artdy.

Şwesiýanyň premýer ministri Magdalena Andersson bilen Finlýandiýanyň premýer-ministri Sanna Mariniň arasyndaky duşuşyk, bu iki ýurduň haýsy hem bolsa biri NATO goşulan halatynda Moskwanyň "ar aljakdygy" barada beren duýduryşlarynyň yzysüre geçirilýär.

Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň goranmak ministrleri hem 5-nji martda duşuşyk geçirdi.

Iki ýurduň daşary işler ministrleri NATO-nyň 4-nji martda geçiren ministrler ýygnagyna gatnaşdy. Ýaranlyk ministrler ýygnagynda uçuş gadaganlygy zonasynyň döredilmegi baradaky çagyryşlary ret etdi, ýöne urşuň soňuna çykmagyň usullaryny maslahat etdi.

NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg “ýaranlyk Finlýandiýa we Şwesiýa bilen utgaşyklygy we maglumat alyşmagy güýçlendirer” diýdi we iki ýurduň hem NATO-nyň Ukraina boýunça geçirýän ähli geňeşmelerine gatnaşýandygyny aýtdy.

Ýöne, ol, şonda-da, NATO-nyň howpsuzlyk kepilliginiň diňe ýaranlygyň 30 agzasyna degişlidigini aýtdy.

Finlýandiýa bilen Şwesiýanyň ikisi-de Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolup, Finlýandiýa bilen Russiýanyň arasyndaky serhediň uzynlygy 1340 kilometr.