ABŞ türkmen wekiliýeti bilen duşuşygynda Russiýanyň Ukraina çozmagyny ýazgarmagyň ähmiýetini nygtady

ABŞ-nyň we Türkmenistanyň döwlet baýdaklary.

1-2-nji martda ABŞ-nyň we Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetleri wideoaragatnaşyk arkaly ýyllyk ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleri geçirdi. ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat gullugy we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi geňeşmeler boýunça beýanat berdi.

ABŞ wekiliýetine döwlet sekretarynyň kömekçisi Donald Lu, türkmen wekiliýetine wise-premýer we daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi.

Degişli maglumat ABŞ Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ukrainany maslahat etdi, Türkmenistan duşuşyga gatnaşmady

Döwlet departamentiniň beýanatyna görä, ABŞ wekiliýeti Russiýanyň Ukraina garşy amala aşyrýan “bilkastlaýyn, esassyz we küşgürilmedik hüjümlerini” ýazgarmagyň ähmiýetini ýene bir gezek nygtady we ukrain halky bilen raýdaşlygyň möhümdigini aýtdy.

Ýöne Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň beýanaty Ukrainadaky uruş babatynda Türkmenistanyň eýeleýän pozisiýasyny aç-açan agzamady. Taraplar “häzirki zaman halkara syýasatynyň möhüm meseleleriniň ençemesi babatynda umumy ýörelgelere we çemeleşmelere eýerýärler. Ilkinji nobatda bu dünýäde we sebitde durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy bolup durýar” diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi aýtdy.

Mundan ozal, 28-nji fewralda Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Antoni Blinken Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri bilen C5+1 formatynda duşuşyk geçirip, Russiýanyň Ukraina garşy amala aşyrýan hüjümlerini berk ýazgardy we Ukraina halkyna raýdaşlyk beýan etdi. Bu ýygnakda Türkmenistana wekilçilik edilmedi.

Galyberse-de, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň rus agressiýasyny ýazgarmak üçin 2-nji martda geçiren nobatdan daşary sessiýasynda Türkmenistan ses bermedi. Milletler Guramasyna agza 141 döwlet Russiýanyň Ukraina goşun girizmegini ýazgardy. Ses berişlikde diňe bäş döwlet – Russiýanyň özi, Belarus, Siriýa, Demirgazyk Koreýa we Eritreýa Russiýanyň tarapynda çykyş etdi.

ABŞ we türkmen wekiliýetleriniň arasynda 1-2-nji martda iki gün dowam eden ýyllyk geňeşmelerde başga-da dürli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet departamentiniň beýanatyna görä, wekiliýetler terrorçylyga we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, serhet howpsuzlygyny güýçlendirmek ýaly ikitaraplaýyn we sebitleýin meseleleri ara alyp maslahatlaşypdyrlar. Şeýle-de din-wyždan azatlygy, zähmet meseleleri we bilim almak mümkinçilikleri ýaly ugurlary hem öz içine alýan ynsan hukuklarynyň ýagdaýyny ösdürmegiň zerurlygy hem nygtalypdyr.

Degişli maglumat BMG-niň Baş Assambleýasy Russiýanyň Ukraina çozmagyny ýazgardy, Türkmenistan ses bermedi

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasyna görä, duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, galyberse-de ekologiýa babatynda hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy. Geňeşmelerde adam hukuklarynyň goragy we kepillendirilmegi ulgamynda “Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň dowam edilmegi babatynda taýýarlyk bildirildi”

Türkmenistan ynsan hukuklarynyň ýagdaýy boýunça çap edilýän halkara hasabatlarda dünýäde iň pes orunlary eýeleýär.

Döwlet sekretarynyň metbugat gullugy geňeşmeleri “öndürijilikli” häsiýetlendirdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ikitaraplaýyn geňeşmeleriň “möhüm meseleleriň ençemesi boýunça çemeleşmeleriň umumylygyny görkezendigini” aýdyp, wekiliýet ýolbaşçylarynyň geňeşmelere “ýokary baha” berendigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.