Berdimuhamedow harby özgertmelere, Konstitusiýany 'kämilleşdirmäge', 'entäni goldamaga' çagyrýar

Gurbanguly Berdimuhamedow. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň agzalary we Mejlisiň deputatlary bilen duşuşdy diýip, TDH 1-nji martda habar berdi.

Beýleki meseleler bilen birlikde, döwlet baştutany harby özgertmeleri dowam etdirmegiň hem möhümdigine ünsi çekipdir.

«Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky», «Goranmak hakyndaky», «Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakyndaky» kanunlara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň möhümdigi bellenildi diýip, habarda anyklaşdyrmazdan aýdylýar.

Bu duşuşyk Russiýanyň Ukraina garşy başlan urşunyň altynjy gününe gabat geldi. Türkmen metbugaty bu konflikt barada, Ukrainada iki oduň arasynda galandygy aýdylýan türkmen raýatlary hakynda hiç bir habar bermeýär.

Prezident kiber jenaýatçylygyna, internet serişdelerini ulanmak bilen amala aşyrylýan jenaýatçylyga... garşy göreşmek meselelerine aýratyn üns bermelidigini nygtady.

Duşuşykda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek meseleleri barada hem durlup geçildi.

Anyklaşdyrylmazdan aýdylmagyna görä, Esasy kanuny üýtgetmek baradaky teklipler taýýarlananda "döwlet häkimiýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek, hukuklaryna, borçlaryna we ygtyýarlyklaryna gaýtadan seretmek esasy soraglar bolmalydyr" diýip, prezident aýtdy.

Şeýle-de Berdimuhamedow türkmenleriň mätäje ýardam we goldaw bermek däplerinden söz açyp, Magtymguly Pyragynyň “Entäni goldara hemaýat ýagşy” diýen setirlerini ýatlatdy.

Onuň tassyklamagyna görä, beýik şahyryň wesýetleri türkmen jemgyýetinde hemişe berjaý edilip gelinýär.

Maglumat üçin aýdylsa, Magtymgulynyň "Ýyka başlady" atly goşgusy soňky onýyllyklarda, açyk aýdylmazdan, döwlet senzurasy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Şeýle-de şahyr garranda pessimist, terkidünýä bolmakda aýyplandy.