Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 26-njy fewralda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefonda gürleşdi diýip, türkmen mediasy habar berýär.
Söhbetdeşler birek-biregi şanly sene – Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutladylar.
Şeýle-de Berdimuhamedow türk kärdeşini doglan güni, maşgalasy bilen bilelikde keselçilikden saplanmagy bilen gutlady.
Taraplar ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda “ähmiýetli orny” eýeleýändigini, “iki ýurduň halklaryny taryhyň, medeniýetiň, ruhy gymmatlyklaryň ...umumylygynyň baglanyşdyrýandygyny” bellediler.
“Şu ugurlar häzirki döwürde täze mazmun bilen baýlaşýar” diýip, habarda aýdyňlaşdyrmazdan aýdylýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň 12-nji noýabrynda Türki döwletler guramasynyň döredilmeginiň taryhy ähmiýetine ünsi çekip, bu halkara gurluşyň dünýäde iň abraýly gurluşlaryň birine öwrüljekdigine ynam bildirdi.
Ol Türkmenistanyň bu gurama synçy hökmünde girmegi baradaky kararyň kabul edilmeginiň hoşniýetli waka bolandygyny, Türkmenistanyň onuň işine we ýaşulular geňeşine işjeň gatnaşmaga taýýardygyny belledi.
Şeýle-de, prezident Türkmenistanyň türki dilli ýurtlaryň parlament assembleýasyna (TURKPA) we türki dilli ýurtlaryň Söwda-senagat palatasyna agza bolmak mümkinçiligi bilen gyzyklanýandygyny aýtdy.
Emma habarda prezidentleriň Türkiýede galyp, ýurduna dolanyp bilmän kösenýän türkmen migrantlary, uçar gatnawlaryny açmak barada gürrüň edendigi ýa däldigi aýdylmaýar.
Pandemiýa sebäpli girizilen çäklendirmelerden soň Türkiýede galan türkmenleriň käbiri sosial ulgamlarda çykyş edip, häkimiýetlerden ýollaryň açylmagyna, kyn ýagdaýda galan maşgalalara döwlet howandarlygynyň edilmegine çagyrýar.