Balkan S.Berdimuhamedowyň saparyna garaşýar. Onuň Mara garaşylan sapary ýene amala aşmady

Illýustrasiýa suraty

Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimiýetleriniň ikisi-de prezidentlige dalaşgär Serdar Berdimuhamedowyň 28-nji fewralda öz sebitlerine sapar etmegine garaşyp, berk taýýarlyk gördi. Emma Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy S.Berdimuhamedowyň sebite etmegine garaşylan saparynyň 28-nji fewralda hem amala aşmandygyny habar berýär. Onuň Balkana etmegine garaşylýan saparynyň amala aşjakdygy ýa aşmajakdygy häzirlikçe nämälim bolmagyna galýar. Ýöne habarçylarymyz S.Berdimuhamedowyň Balkana we Mara etmegine garaşylýan saparlaryna indi bir hepdä golaý wagt bäri taýýarlyk görülýändigini we bulara müňlerçe adamyň mejbury gatnaşdyrylýandygyny habar berýärler.

Balkandaky habarçymyzyň maglumatlaryna görä, S.Berdimuhamedowyň, öz saýlaw kampaniýasynyň çäginde, 28-nji fewralda Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerindäki saýlawçylar bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Onuň bu saparyna indi bir hepde bäri berk taýýarlyk görülýär. Türkmenbaşyda we Balkanabatda köçeler, ýanýodalar we seýilgähler ýuwulyp, arassalanýar. Bu arassaçylyk işlerine jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri bilen bir hatarda, 2 müňden gowrak býujet işgäri mejbury gatnaşdyrylýar.

Degişli maglumat Marylylar S.Berdimuhamedowyň amala aşmadyk saparyna berk taýýarlyk gördi

"Köçelerdäki öýsüz itler we pişikler hem ýok edildi" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz 28-nji fewralda günüň birinji ýarymynda beren maglumatynda aýtdy.

Şeýle-de, ol Balkanabadyň mekdep mugallymlarynyň ençemesinden saýlaw uçastoklarynda mugt işlemegiň talap edilýändigini hem sözüne goşdy.

Bellesek, Türkmenistanyň häkimiýetleri we döwlet media serişdeleri ýurt ýolbaşçylarynyň we resmileriniň, şeýle-de, 12-nji martda geçiriljek irki prezident saýlawlaryna dalaşgärleriň ýurduň sebitlerine etjek saparlary hem-de saýlawçylar bilen duşuşyklary barada öňünden hiç hili habar bermeýärler. Şol sebäpli ýurt resmileriniň sebitlere planlaşdyrýan saparlarynyň amala aşjakdygy ýa aşmajakdygy soňky pursada çenli nämälim bolup galýar.

Marydaky habarçymyzyň maglumatyna görä, S.Berdimuhamedowyň, özüniň saýlaw kampaniýasynyň çäginde, bu welaýata ilki 25-nji fewralda, soňra-da 28-nji fewralda sapar etmegine garaşylýardy. Ýöne onuň garaşylan sapary bu seneleriň ikisinde-de amala aşmady.

"S.Berdimuhamedow bu gün hem Mara gelmedi. Çärä baran adamlaryň ählisini öýlerine iberdiler. Ähli köçeleri hem gaýtadan açdylar" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz 28-nji fewralda günortan wagty beren maglumatynda aýtdy.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, Maryda S.Berdimuhamedowyň saparyna geçen hepdäniň birinji ýarymyndan bäri taýýarlyk görlüp, 28-nji fewralda onuň maryly saýlawçylar bilen duşuşyp, soňra "Täze oba" daýhan birleşiginiň çägindäki bugdaý meýdanlaryna aýlanyp görmegine garaşylýardy.

Degişli maglumat Balkanda we Lebapda Serdar Berdimuhamedowyň wagzy başlandy

S.Berdimuhamedowyň garaşylan sapary bilen bagly, daýhan birleşigiň ýaşaýjylaryna hojalyklarda ot ýakmazlyk hem tabşyryldy. Şeýle-de, olardan örän zerur bolmasa, öýden çykmazlyk, hususan-da, Mary-Aşgabat ýoluna çykmazlyk hem talap edildi.

Habarçymyzyň sözlerine görä, Mary-Aşgabat ýolunyň ugrundaky bugdaý meýdanlarynda göçme gara öýler dikilip, haşal otlar çapylyp arassalandy. Mary şäheriniň aeroportundan başlap, Mollanepes we Kemine köçeleri ýapyldy.

Şeýle-de, bu köçeleriň ugrundaky köp gatly jaýlaryň we dükanlaryň penjireleri ak mata bilen örtüldi. Häkimiýetler telekeçilere we ýaşaýjylara dükanlaryň hem-de jaýlaryň içiniň görünmeli däldigini aýtdylar. Ýaşaýjylara ak matany galdyryp, penjirelerden seretmek hem gadagan edildi.

"Mundan öň şunuň ýaly arassaçylyk işleri diňe prezident gelende geçirilip, ýollar ýapylýardy. Adamlaryň arasynda "Serdar gelende edil prezident gelşi ýaly güýçli çäreler geçirilip, ýollar petiklenýär. Häkimiýetler adamlaryň aňyna diňe şu prezident bolmaly diýen düşünjäni guýjak bolýarlar" diýýänler köp" ​ diýip, maryly çeşmämiz belledi.

Bu aralykda, Balkandaky habarçymyz hem, welaýat we etrap häkimleriniň býujet işgärleri we raýatlar bilen duşuşyp, olary S.Berdimuhamedowa ses bermäge çagyrýandygyny habar berýär.

"Pandemiýa başlany bäri Balkanyň ilatynyň tas 60%-i işsiz galdy. Syýahatçylyk, nebit we himiýa, ulag ulgamlarynda iş ýerleri ýapyldy. Şol sebäpli raýatlaryň tas ählisi kiçi Berdimuhamedowa ses bermek islemeýär. Ýöne adamlar saýlawlardan uly özgerişe-de garaşmaýarlar" diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Degişli maglumat Lebap S.Berdimuhamedowyň saparyna 'prezident gelýän ýaly' taýýarlanýar

Döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly, maliýe we ykdysadyýet pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer, 40 ýaşly S.Berdimuhamedow öz saýlaw kampaniýasynyň çäginde 23-nji fewralda Lebap we 21-nji fewralda Daşoguz welaýatlaryna sapar edip, saýlawçylar bilen duşuşdy.

Şonda Lebapdaky habarçymyz Serdar Berdimuhamedowyň sebite eden saparynyň öňüsyrasynda, giň gerimli arassaçylyk işleriniň geçirilendigini we bulara ýüzlerçe adamyň mejbury çekilendigini habar berdi. Şuňa meňzeş taýýarlyk çäreleri adatça prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň welaýatlara edýän saparlarynyň öň ýanynda bolup geçýär.

Bellesek, ýurduň resmi we ýarym resmi metbugat serişdelerinde dalaşgärleriň sebitlere eden saparlary we saýlawçylar bilen duşuşyklary barada çäkli möçberde habar berilýär. Olarda gürrüňi edilen meseleler, şol sanda saýlawçylaryň nähili soraglary berendigi barada jikme-jik maglumat berilmeýär. Şeýle-de, bu duşuşyklar barada ilat köpçüligi soňundan bilip galýar.

Galyberse-de, ýurtda duýdansyz yglan edilen prezident saýlawlaryna dalaşgärleriň saýlaw kampaniýalary, şol sanda olaryň güntertipleri, meýilnamalary we maksatnamalary barada hem hiç zat aýdylmaýar.

Hatda prezidentlige öz dalaşgärlerini hödürlän ýurduň Agrar partiýasynyň we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi websaýtlarynda hem ne öz kandidatlary, ne olaryň saýlaw kampaniýalary barada kelam agyz söz aýdylýar.

S.Berdimuhamedowdan beýleki dalaşgärleriň atlary ýurduň syýasy durmuşynda häzire çenli tas eşidilmändi. Synçylar irki prezident saýlawlaryny Türkmenistanda häkimiýeti atadan ogla geçirmek synanyşygy häsiýetlendirýärler.

Türkmenistanda şu wagta çenli geçirilen hiç bir saýlaw abraýly halkara synçylary tarapyndan “erkin we adalatly” hasaplanmady.

Bu aralykda, ýurduň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň dünýäniň 30 ýurdunda ýerleşen ilçihanalarynda we konsullyklarynda 41 sany saýlaw uçastogynyň döredilendigini habar berdi.

Degişli maglumat Merkezi Aziýa synçylary türkmen saýlawlary barada näme diýýär?

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.