Marylylar S.Berdimuhamedowyň amala aşmadyk saparyna berk taýýarlyk gördi

Serdar Berdimuhamedow

24-nji fewraldan 25-nji fewrala geçen gije Mary welaýatynyň Mary şäherinde jemagat hojalygyna degişli edaralaryň işgärleri daňdan sagat 7-ä çenli köçelerde arassaçylyk işlerini geçirdiler. Irden sagat 7-de şäheriň esasy köçeleriniň ençemesi ýapyldy. Köp adam iş ýerlerine daňdan sagat 5-de gitmeli boldy. Bu başagaýlyklar prezidentlige dalaşgär Serdar Berdimuhamedowyň Mara etmegine garaşylan saparyna görülen taýýarlyklaryň bir bölegidi. Ýöne bu giň gerimli taýýarlyklara garamazdan, S.Berdimuhamedowyň garaşylan sapary amala aşmady.

Azatlyk Radiosynyň bu ýagdaýlar barada habar berýän Marydaky habarçysynyň maglumatlaryna görä, 25-nji fewralda Serdar Berdimuhamedowyň, özüniň saýlaw kampaniýasynyň çäginde, Mara gelmegine garaşylýardy.

Bu ýerde onuň welaýatyň baş metjidinde uly sadaka bermegine we soňra ýygnak geçirip, saýlawçylar bilen duşuşmagyna hem garaşylýardy. Emma bu çärelere gatnaşýan býujet işgärleri Serdar Berdimuhamedowyň welaýata sapar etmejekdigini irden sagat 8-de bilip galdylar. Onuň sebäpleri barada häzirlikçe hiç hili maglumat ýok.

Degişli maglumat Lebap S.Berdimuhamedowyň saparyna 'prezident gelýän ýaly' taýýarlanýar

"Sadakanyň Serdarsyz geçjekdigini aýtdylar. Taýýarlyklaryň ählisi puja çykdy" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran maryly býujet işgärleriniň biri 25-nji fewralda habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlygyň bu barada Mary welaýat we şäher häkimliklerinden goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Maryda Serdar Berdimuhamedowyň saparyna taýýarlyklar 24-nji fewralda başlandy. Bu taýýarlyklaryň çäginde jemagat hojalygyna degişli edaralaryň arassaçylyk işgärleri gijesi bilen işläp, aeroportdan şäheriň içine gelýän köçeleriň ählisini süpürip, ýuwmaly boldular. Köçeleriň gyralaryna täze güller ekildi.

Mundan başga-da, 24-nji fewralda giçlik şäheriň tas ähli köçesine polisiýa we Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) raýat geýimli işgärleri ýerleşdirilip, gözegçilik güýçlendirildi.

"Polisiýa işgärleri gijesi bilen nobatçylyk çekdiler. Adamlaryň ýapylan köçelerden geçmegine rugsat berilmedi. Serdaryň welaýata etmegine garaşylan saparyna edil prezident gelýän ýaly taýýarlyk görüldi" diýip, şäher ýaşaýjysy anonimlik şertinde 25-nji fewralda habarçymyza gürrüň berdi.

Býujet işgärleriniň ençemesiniň sözlerine görä, meýilleşdirilen ýygnaga we sadaka gatnaşmaly raýatlar MHM-niň işgärleri tarapyndan saýlanyp alyndy.

"Hemişe bolşy ýaly çärelere gatnaşdyryljak adamlar birnäçe barlagdan geçmeli boldular. Olaryň ähli şahsy maglumatlary ýygnalyp, ýedi arkasy barlandy. Şeýle-de, bu çäreler üçin edara-kärhanalardan gelşikli zenanlary we gyzlary hem saýlap aldylar. Olardan çärä baranlarynda öz ýanlary bilen pasportlaryny getirmegi hem talap etdiler" diýip, býujet işgäri belledi.

Degişli maglumat Balkanda we Lebapda Serdar Berdimuhamedowyň wagzy başlandy

Şol bir wagtda, býujet işgärleri bu çärelerde we olara görülýän taýýarlyklarda ýurtda dowam edýän karantin çäklendirmeleriniň berjaý edilmeýändigine hem ünsi çekýärler.

"Başga wagty köçelerde adamlar üýşüp duran bolsa, polisiýa işgärleri keselçiligi bahana edip, iki metr aralygy saklamalydygyny we üýşmeleňleriň gadagandygyny aýdyp, adamlary dargadýarlar. Ýöne 25-nji fewralda geçiriljek çäreler üçin her edaradan 10 adam saýlanyp alyndy" diýip, býujet işgäri sözüni jemledi.

Döwlet metbugaty ýurtda 12-nji martda geçiriljek irki prezident saýlawlaryna görülýän taýýarlyklar, dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary barada yzygiderli habar berýär.

Ýöne habarçylarymyz ýurtda diňe Serdar Berdimuhamedowyň saýlaw kampaniýasynyň dabaralanýandygyny, onuň sebitlere edýän saparlaryna giň gerimli taýýarlyk görülýändigini aýdyp, beýleki dalaşgärleriň saparlary we saýlawçylar bilen duşuşyklary barada tas hiç kimiň bilmeýändigini aýdýarlar.

23-nji fewralda Azatlygyň Lebap welaýatyndaky habarçysy Serdar Berdimuhamedowyň sebite eden saparynyň öňüsyrasynda, onuň geçjek köçesiniň ýuwulyp arassalanandygyny, soňra-da onuň raýatlaryň pyýada we ulag hereketlerine ýapylandygyny habar berdi.

Bellesek, şuňa meňzeş taýýarlyk çäreleri adatça prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň welaýatlara edýän saparlarynyň öň ýanynda bolup geçýär.

Degişli maglumat Merkezi Aziýa synçylary türkmen saýlawlary barada näme diýýär?

Döwlet baştutanynyň ogly, maliýe we ykdysadyýet pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer, 40 ýaşly S.Berdimuhamedow öz saýlaw kampaniýasynyň çäginde 23-nji fewralda Lebap we 21-nji fewralda Daşoguz welaýatlaryna sapar edip, saýlawçylar bilen duşuşdy.

S.Berdimuhamedowdan beýleki dalaşgärleriň atlary ýurduň syýasy durmuşynda häzire çenli tas eşidilmändi. Synçylar duýdansyz yglan edilen irki prezident saýlawlaryny Türkmenistanda häkimiýeti atadan ogla geçirmek synanyşygy häsiýetlendirýärler.

Habarçylarymyz bilen söhbetdeş bolan ýerli synçylaryň we türkmenistanlylaryň ençemesi hem, saýlawlary "daşary ýurt diplomatlary üçin gurnalýan bir oýun" we onda dalaş edýän kandidatlary şol oýnuň "oýunçylar" diýip atlandyrýarlar.

"Eýýäm kimiň prezident boljagy öňünden belli. Ýasama sesler eýýäm taýýar. Saýlaw düýbünden dereksiz bir çäre. Bu çärelerde diňe býujet işgärleri kösenýär. Sebäbi olar bu çärelere mejbury gatnaşdyrylýar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran maryly ýaşaýjy aýtdy.

Türkmenistanda şu wagta çenli geçirilen hiç bir saýlaw abraýly halkara synçylary tarapyndan “erkin we adalatly” hasaplanmady.

Degişli maglumat ‘Adamlar irki prezident saýlawlaryndan köp zada garaşmaýar’

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.