NATO-nyň baş sekretary Ýens Stotenberg Russiýanyň Ukraina amala aşyran hüjüminiň Ýewropada parahatçylygy sarsdyrandygyny aýtdy, şeýle-de ýaranlygyň agza döwletleriň territoriýalarynyň “her bir gysymyny” gorajakdygyny söz berdi.
Stoltenberg ýaranlygyň 5-nji maddasyna bolan ygrarlylygyny hem tekrarlardy. Oňa laýyklykda, agza bir döwlete edilen hüjüm, onuň ähli agzalaryna garşy edilen bir hereket hökmünde häsiýetlendirilýär.
Ol Russiýanyň Ukraina hüjüminden soň, ýaranlygyň agza däl ýaran döwletleriň “goranmak planlaryny” hem aktiwleşdirýändigini aýtdy.
Stoltenberg Russiýanyň Ukraina eden hüjümini tankytlap, munuň “uzak wagtdan bäri planlaşdyrylan ýörite matlap we sowukganlylyk bilen amala aşyrylan” hüjüm bolandygyny aýtdy.
Ol “Russiýanyň güýç ulanyp taryhy täzeden ýazmak isleýändigini” hem sözüne goşdy.